Bir Sanyn Kanunçy Alymy Meýlise Çagy­rysy Hem Onun Serhos Bolsy Hakynda Hekaýat – Jelaleddin Rumy Balhi

BIR SANYN KANUNÇY ALYMY MEÝLISE ÇAGY­RYSY HEM ONUN SERHOS BOLSY HAKYNDA HEKAÝAT

Myhmandan dolduryp töwerek dasyn,
Bir sa meýlis guran oturanmysyn.
So golaýdan geçip barýan alymy
Çagyrmagy buýran bozup pälini.
Sakçylar alymy sapba tutýarlar,
Meýlis bolýan ýere alyp gidýärler.
“Mana zorluk etmän, aýdýaryn çynym,
Meý içinden ýegdir zäher içenim.
Allanyn gadagan eden zadyny
Agza alyp, harlap bilmen adymy!
Diýip, alym sunça özelenipdir,
Gaýta muna sanyn gohi gelipdir.
Gygyrypdyr: «Saky, muna meý getir!
Bilip goý, meýlisin däbi seýledir.
Guý köpüräk, näçe göterse, içsin,
Nepesin dürsesin, gahry ýatyssyn!»
Alym sypmajagny anyp sobada,
Nos eýledi bada yzyndan bada.
Son-a asla ýalbartjagam bolmady,
Tizden basy sämäp, dili ýenledi.
Biraz wagtdan son duýup öz halyn,
Ýazylyp gelmäge ugrady alym.
Meýlis otagyndan çykanson, derhal
Gabat geldi ona hyzmatkär aýal.
Belkem, sanyn gyrnaklarnyn biri ol,
Serhosyn gözüne jennet hüýri ol.
Gorkusyndan rüstem gelip islegi,
Zenan bilen aýsy-esret isledi.
Urgun tapjak bolup, lak atyp durman,
Serhos alym aman-zamanyn bermän,
Garsa gujaklady, basdy bagryna,
Aýalam ýykyldy onun ugruna.
Erkegin hyjuwy gelende dynzap,
Zenan edil alan hamyra menzäp,
Bütünleý ýitirip ozalky durkun,
Erkegin eline berýär ol erkin.
Ynranyp, hykylap, näz bilen gernip,
Dünýäni unudýar lezzete berlip.
Dynzap duran hyjuwlarnyn zoruna,
Garylýar ikisi biri-birine.
Erkege meýil etmegine aýalyn
Gaty kän sebäp bar, ol bize mälim.
Erkek kisi üçin asylly aýal,
Altyn hazynadyr, bu hemmä aýan…
Sonra näme boldy? Zenandyr erkek
Dalasyp, çyrmasyp, bile biten dek,
Aýsdan basga zada gözlerin ýumup,
Bütin durky bilen lezzete çümüp,
Nirdediklerinem undup büs-bütin,
Duýman özlerinde jinnek ýaly müýn,
Ýatyrkalar, birden oturan sanyn
Ýadyna düsüpdir kanunçy alym:
«Nirä ýok bolduka? Bileýin hökman,
Azasyp ýörmükä yzyny tapman?
Diýip, ýanyndaky adamlar bilen
Barýarka olaryn üstünden gelen.
Alym göýä hiç zat bolmadyk deýin,
Ugrapdyr ýene-de bol ýerne meýin.
Bu bolsa dergazap bolupdyr sa-da,
Jellady çagyrmak isläpdir bada.
Alym anyp on gaharnyn gelenni,
Edil onun özi ýaly dillendi:
«Eý, saky, borjuny ýerine ýetir,
Hökümdarymyza derrew meý getir.
On gahar-gazaby asmanka hetden,
Gowy-da önünden alada etsen.»
Sa gülüp, gaýtaran gaharnyn badyn
Hem diýen: «Bar, senki bolsun ol hatyn!»

Terjime eden we çapa taêêarlan: Kakabaê Gurbanmyradow

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.