Bir Säher Düşmüş Erdi Ýadyma Diýar, Eý, Dost, – Magtymguly Pyragy

Bir säher düşmüş erdi ýadyma diýar, eý, dost,
Jan güwşüne ýetişdi binägäh habar, eý, dost!
Ten mülküniň içinde jan durdy perwaz eýläp,
Şowk ile ede nägäh özüni nisar, eý, dost!
Sabyr sefinesini syndyrdy şowkuň sili,
Derýaýy-umman saldy matagy-karar, eý, dost!
Ýar wasly-jemalyndan her du jahan ki kämýab,
Bagtym müşterisine gurawer bazar, eý, dost!
Ähli älem gark olmuş harman-harman gül içre,
On ýyl ýörsem, ugraşmaz alnymdan bahar, eý, dost!
Hoş bakmyş jahan içre, hoşlanmyş älem andan,
Älemde adam içre maňadyr gahar, eý, dost!
Pyraga, göz ornundan ýyglap gan rowanoldy,
Ornuna elter any ger degse gubar, eý, dost!
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.