Bir Oglanyn Ölen Kakasynyn Basujynda Aglaýsy Hakynda Hekaýat – Jelaleddin Rumy Balhi

BIR OGLANYN ÖLEN KAKASYNYN BASUJYNDA AGLAÝSY HAKYNDA HEKAÝAT

Öldi bir oglanyn mährem kakasy,
Ýas tutýan ýigdekçän naýynjar sesi.
Zaryn sesi açyk esidilýärdi,
Enreýsi hut ýürek-bagryn dilýärdi:
«Öýmüzin diregi kaka jan, seni
Häzir agaç ata mündürip, göni
Haýdap, äkiderler seýle bir ýere,
Ona baryp, zat tapmarsyn iýere.
Öýdäki bar zatlan sana haýry ýok,
Onda hatda düsenere boýra ýok.
Özem o ýer mydam garanky hem dar,
Wah, kaka jan, nädip edersin mydar?
Munda iýýän tagamlaryn birem ýok,
Teýli naharlaryn –ady-soram ýok.
Ysygy düsenok ona semin-de,
Penjire, gapam ýok barjak ýerinde,
Geläen mahaly bir zat diýesin,
Hatda gonsularyn esitmez sesin.
Göwünem ýüwürtme basga zat hakda,
O ýerde içere suwam ýok hatda …»
Garyp Juhy so golaýda ýasaýan
Onun bu sözlerni esitdi aýan.
Ylgap baryp kakasynyn ýanyna,
Seýle diýdi dowul düsüp janyna:
«Ol ölen bendäni… (gulak goý söze),
Getirjekler öýdýän bizin öýmüze.
«Beýdesleri ýok-la …» seslendi garry,
«Seýderler, ähli zat gelip dur dogry.
Oglunyn bir-birden tutup atlaryn,
«O ýok, bu ýok» diýip, sanan zatlary
Hut bizin öýmüzin berýär salgyny,
Aýnada gören dek bilýän men muny».

Terjime eden we çapa taêêarlan: Kakabaê Gurbanmyradow

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.