Bir Obalynyn Säherlini Öýüne Myhman­çylyga Çagyryp, Aldaýsy Hakynda Hekaýat – Jelaleddin Rumy Balhi

BIR OBALYNYN SÄHERLINI ÖÝÜNE MYHMAN­ÇYLYGA ÇAGYRYP, ALDAÝSY HAKYNDA HEKAÝAT

Säherlen birinde gadym bir zaman
Bir söwdagär bardy gurply ýasaýan.
Onun özgelerden üýtgesik ýeri –
Aýratyn sylardy obalylary.
Kim bolsa bolaýsyn obadan gelen,
Ol myhman alardy güler ýüz bilen.
Obasy säherden bolanson yrak,
Bir gelmisek ona has içginsiräp,
Haçan gelse, on öýüni tapardy,
Gypynç etmän, iýer-içer ýatardy.
Geçirdi onkuda hepdesin, aýyn,
Säherlem hemise hyzmata taýyn.
/Jomardyn gylygna özüniz belet/,
Ondan hak-hesdegem etmezdi talap.
Bir gün oturdylar saçak basynda,
Obaly säherlä ýüzlendi sonda:
« Senem hormat edip sadyk guluna,
Bar-da bizin öe myhmançylyga.
Ýeke özün däl-de, köplük bolup bar,
Çagalannam ýanyn bilen alyp bar.
Barynyzy hezzetlärin, bakaryn,
Görsün-ä olaram oban baharyn.
Ekinlerin bitisini görsünler,
Miwelerin bisisini görsünler.
Dine çagalan däl, ugranda öýme,
Hyzmatkärlerinem ýanyndan goýma.
Ullakan bagym bar, sonda seýil edip,
Iki-üç aý ýasasynlar keýp edip.
Görersiniz baraýsanyz eger-de,
Kän üýtgesik gözelligi o ýerde ».
Söz berdi-de öý eýesi görgüli,
Basga ýana sowdy sonsuz gürrüni…
Bu gürründen sonra sekiz ýyl geçdi,
Obalam çagyryp, ýürege düsdi.
Säherlin ýagdaýy özüne belli –
Her gezek bahana tapmaly boldy.
Birde ol: «Doganma garasýan » diýdi,
«Basym bararyma garasman » diýdi.
Birde: «Söwda-satyk isim kän » diýdi,
Son: «Syrkaw, ýataryn ýaraman » diýdi.
Son diýdi: «Barmaga edýäris hyýal,
Ýöne biraz sonrak, edil häzir däl…»
Birde – ençeme gün, birde – has uzak,
Obaly onkuda boldy kän gezek.
Päk göwün säherli ol her gelende,
Hezzet etdi geldigiçe elinden.
Birde – ençeme gün, birde – has uzak,
Obaly onkuda boldy kän gezek.
Päk göwün säherli ol her gelende,
Hezzet etdi geldigiçe elinden.
Obaly bol-telki iýdi hem içdi,
Käte hokurdadyp suwçilim çekdi.
Her gezek dösüne goýup ellerin,
Ýalbardy: «Menkä bar, gadryn bilerin».
Säherli öz isi bilen gümrady,
Diýýärdi: «Aý, nesibeli gün bardyr.
Tanry – semal, bizem-ýelkenli gämi,
Ykbalymyz sonun elinde dälmi?»
Sekiz ýylyn dowamynda säherli
Bahana agtaryp, gördi kän görgi.
Aradan ýene-de iki ýyl geçdi,
Säherlinin çagalary ýetisdi.
Olar seý diýdiler: «Hatda semalam,
Dünýäni kest edýär, özüne mälim.
Myhmanymyz bizi çagyrýar öýne,
Yza çekip ýörmek bolarmy beýle?
Sunça ýyllap eden ýagsylygyny
Ýerine salmagy küýseýär göwni.
O bendeni beýdip ýalbardyp ýörmän.
Bizem gidäýelin, nähili görýän?»
Garsy çykmasa-da olan sözüne,
Dana kisi seý diýdi öz-özüne:
«Dostluk dänä menzes närsedir: meger
Ol ýa çüýrär gider ýa-da gögerer.
Könelerden gelýär seýle bir akyl:
«Sen ýagsylyk eden kisinden çekin.»
Kä adama çyndan göwnüni bermek,
Edil takyr ýere tohum sepen dek.
Her bir önýetene ynanmak hebes,
Dostluk açanyna begenmek hebes.
Umyt baglap gezsen-de sen gowluga.
Käte agyr zyýan çekýär howlugan.
«Edi ölçäp, bir kes» diýen nakyla
Uýmadyga bela-beter tapylar.
Sähra ginem bolsa, howpy saýgarman.
Az däl-ä duzagyn üstünden barýan.
Gözden gizlin, kalpda ýasyryn ýatan
Howpy kä kisiler saýgarmaz eken.
Görüp, düz meýdana ýatan guýrugy,
Hüsgär tilki üýtgedipdir ugruny.
On teýinde gurlan gapynyn baryn
Duýan borly any mekir jandaryn.
Oýlan sen öwlüýä aýlanyp gör-de,
Her hili adamlar ýatyrlar görde.
Ýagdaýyn hemise seýle bolanny
Bilmän ýören bolsan hezire çenli,
Köplen betbagtlygy öz körlüginden,
Zyýan gören ýökdur hüsgärliginden.
Öwren herki zatdan almagy many.
Batyl bolsan, al eline hasany.
Ýölun ýagdaýyny bilmesen eger,
Sana sol hasanyn kömegi deger.
Hatda hasadanam kömek ýetmese,
Gapdalyn adamsyz ýöla gitme sen.
…Biz basky gürründen sowuldyk çete,
Säherlem ýöl saýyn tutdy, elbetde.
Sada bende zat getirmän göwnüne,
Dostunyn iline ugrady, ine.
Ýeter ýaly barjak ýerine çenli,
Öküzlere ýükläp iýer-içerni,
Göwün berip ýagsy niýete, päle,
Masgalasy bilen saýlandy ýöla.
«Ön dine hyýalda höwesek bolup
Gezen bolsak, indi sahadan ýölup
Iýeris biz obalyn çarbagyndan,
Ol bizi hezzetlär elde baryndan.
Köp zatlary görüp, bilip gaýdarys,
Gysda iýjegmizem alyp gaýdarys».
Diýsip, çagalary ýüwürdip göwün,
Ahyrsony ýöla düsdüler bir gün.
Gezelenje näçe begenseler-de,
Bir ünji aýrylman, ornasdy serde.
Syýahat adamyn göwnün göterýär.
On kalbyna ganat, güýç-kuwwat berýär.
Gowulyga dikip niýet-pällerin,
Barýar olar dowam edip ýollaryn.
Gören-esden zatlaryny genlesip,
Kä gürlesip, kä aýdyma hinlenip,
Gündiz yssa, gijän aýazna çydap,
Gidip barýar olar edip bir mydar.
Ýölun azabynam onçakly duýman.
Olar ençe menzil geçdiler eýýäm.
Käte-käte osup öz göwnümize,
Kyn ýagdaýa düsmek mahsus-da bize.
Güp ynanyp seýlaýynlan alyna.
Suwdur öýdüp, aldanýarys salgyma.
Asyk ýigdin ysk derdine ulasyp,
Gowga salsy ýaly asuda basyn,
Käte ýalan gepi çyn hasap edýäs,
Ýa gury tikeni gul hasap edýäs.
Söwdagärem hyrydara garasyp,
Otyrandyr garap töwerek-dasyn.
Özi-de ummanmy ýa gury ýermi–
Haryt gözläp, bilmez öler-galarny.
Neçjaram isine bent edip basyn,
Gije-gündiz ýönar otyr agajyn…
Dostuny tylladyr öýden säherli
Anmaz on kimdigni bir pellä çenli.
Nä güne düsjegni bilmänson aýan,
Barýar olar hinlenisip sadyýan.
Jöwzada tebsiräp, gömlüp tozana,
Olar oba golaý bardylar, ine.
Dostunyn çapary ýaly hamana,
Hatda oba taýdan ösýän semala
Satlanyp, uçusýan guslary synlap,
Ýolagçylar oba barýar ýakynlap.
Ençeme günleri ýolda geçenson,
Kä ýenil, kä agyr halda geçenson.
Ýeter tama edip, ýanyna alan
Azyk-suwuklaram gutardy olan.
Esitse-de gelýänini dostunyn,
Obaly önünden çykmady onun.
Edip musulmana gelismeýän zat,
Myhmanyndan gizlendi ol alnasap.
Ýolagçylar oba manlaýny diräp,
Ahyr on öýüni tapdylar sorap.
Olar begenisip bardylar weli, Görseler,
derweze mäkäm temmeli.
Saklap ýapyk derwezänin agzyny,
Geçirdiler bäs gije-gündüzini.
Oslamadyk zadyn su güne çenli
Adamlardan sorap, bildi säherli.
Ökündi dostunyn gaçýanyn bilip,
«Sakgal ezenok-da sonky tüýkülik».
Sunça ýöldan heläk bolup gelenson.
Dost saýannyn haýyndygyn bilenson,
Gutaranson ähli azyk–suwlugyn.
Ol yzyna ugraýmady howlugyp.
Aýrylanson kuwwtyndan–zorundan
Maslyk iýýän wagty bolýar sirin-de.
Ol ahyry dusup gaçan dostuna,
Diýdi: «Bu bolsun-a gelsenok sana.
Bozdun sen dostlugyn kadalaryny,
Ýatla mana beren wadalaryny.»
Obaly seý diýdi: «Mana degmän däl.
Sen menin hiç wagt gören bendäm däl.
Utandyrjak bolýan, munun nä bolus?
Adynam, özünem mana nätanys.
Men hatda özümem only tanamok
Anymda Hudaýdan basga hiç kim ýök.»
«A-how, samsyksyran bolmany bes et,
Men öýümde boldun-a sen kän gezek.
Men–säherli hoja, sen köne dostun,
Bolsuny gen görýän diýsem rastym.
Men öýümden basga ýerde gezmedin.
Ýadyndan çykdymy eden hyzmatym ?
Bizin dostlugymyza saýat köp kisi,
Hudaý bagyslamaz beýle etmisin!»
«Eý, Tany bendesi, ýüregme düsme.
Seni tanamok diýp aýtdym-a basda.
Ýekelejek bolman ugumy, gardas,
Gidiber öz barýan ugruna, gardas.
Menden sana jinnek ýaly haýyr ýök.
Men öýümde gelmisige orun ýök.»
Bu gürründen çykmady hiç netije.
Güýçli ýagys ýagyp edil so gije,
Süllümmaý ezilip säherli myhman,
Obalyn gapysyn ýumruklady kän.
Köp wagtlap açylmanson gapysy,
Esdildi säherlin naýynjar sesi:
«Tanamaýan bolsan, tanaman geçäý,
Ýagysdan halas et, gapyny açaý.
Gören görgülerim asdy hetdinden,
Bäs günde bäs ýyllyk ejir çekdim men.
Kömek et ýagysdan duwlanar ýaly,
Myžžyk esiklermi guradar ýaly.
Kümemi, kepbemi–buky ýer tap-da,
Rehim et ahyryn ýagdaýma bak-da.»
«Bagymyn içinde bar bir köne tam.
Bir garry sakçydy onda ýasaýan.
Sol ýerde az wagt ýasap bilersin,
Hem menin bagyma sakçy bolarsyn.»
«Bagy saklamaly bolsam men eger.
Onda mana ýarag–ýaýdyr peýkam ber.
Möjeg-ä bir uly jandar. Belki-de,
Çybynlaram getirmerin mülküne.
Jaý tap bize. Aýalymdyr çagalam
Sowukdan gagsasyp oturlar kilen.»
Sol diýilýän jaýa olar ornasdy.
Ol ýer diýsen hapa, sowuk hem bosdy.
Dygdyrasyp, bir-birine gyslysyp,
Zeýrendiler yzy ýatlarna düsüp:
«Eý, Hudaý, nä güne duçar eýledin?
Öýden jyda salyp, naçar eýledin.
Bir näkesi dus eýledin sen bize,
Nälet bolsun ona dusan günmüze.
On selaýyn sözlerine aldanyp,
Hos umytda göwnümizi aldadyk.
Özümizi oýnatdyryp seýtana,
Araýolda galdyk munça zyýana…»
Säherli sol gije elinde ýaýy,
Aýlanýardy synlap o taý-bu taýy.
Öz ýanyndan ahmyr edip bolsuna,
Baga garawullyk edip ýörsüne,
Golaýda bir gara gözleri düsdi,
Hasyr-husur ýaragyna ýapysdy.
So barmana ýaýdan peýkam atyldy,
Ýanky jandar güpür-tapyr ýykyldy.
Bag eýesi ýüwrüp geldi bada-bat,
Gohlap, tozan sowrup geldi bada-bat:
«Eden isin görün bagtyýatanyn,
Esegim eken-ä senin atanyn,
Men-ä size dözmän, ýagsylyk etdim,
Sen bolsa esegmin basyna ýetdin.
Haýyrly malymdan aýyrdyn meni,
Ýagsylygma berýän aklygyn sümi?»
Kän inirdäp, getirenson gaharny,
Ona seýle jogap berdi säherli:
«Howadan habaryn barmy eý, tentek?
Edil asman bilen ýer gapysan dek.
Gelýän gara esekmi ýa börümi–
Heý-de, aýyl-saýyl eder ýalymy?
Esegin bu ýerde nä göri barmys,
Belki-de, o jandar janyndan irmis?»
«Bu ahwala agyn tutmaz ýalymy?
Oglum ýaly eý görýärdim malymy.
Sen beýdersin öýdüp, etmändim tama,
Tanardym esegmi özüm bolsam-a.»
«Menem haýpym gelýär bu bolan zada,
Beýle garankyda, beýle howada.
Adammy, börümi, birnin malymy–
Aýyl–saýyl edip, tanar ýalymy?»
«Hut menin özüm-ä herki howada
Halalja malymy tanardym bada.
Ençe ýyl ulanyp, öwrensen malym
Görmän, hatda ysyndanam tanaryn.»
«Aýdýan–a men sana seýle düsnükli,
Ýa sen beýnin çaýkaw ýa-da dikdüsdi,
Ysyndan tanaýan bolsan esegni,
Onda näme üçin su wagta çenli
Kän wagt myhman bolup, duzuny iýen
Dostun bolan meni tanamaýsyn gen.
Bolmasan özünem esegin kowmy,
Aýdan sözlerime diýersin dogry.
Esegini tanap, dostun tanaman
Duran pekgä näme diýjek, eý, aman!
Goý, aýdaly sözün galat dälmisin,
Özüne-de ýetik belet dälmisin.
Barypýatan takwamysyn diýeli,
Küýün Hudaý hakdamysyn diýeli,
Dinin özenine ýetdiginmi sol?
Ýaradana gulluk etdiginmi sol?
Belki, bu Alladan das düsmeklikdir?
Seýtan kowmy bilen goslusmaklykdyr?
Senem öz ýanyndan Hudaýhonsyrap,
Ynsanlyk borjundan düsüpsin yrak.
Esegin ölmegi açdy sepini,
Aýan etdi maksadyny, netini.
Innedir sapagy tutup görmedik,
Ömründe bir ilik çatyp görmedik
Özüni tikinçi saýyp bilermi?
Seýle kyn hünäre laýyk bilermi?
Sen özüni Rüstem saýýanam bolsan,
Allan ise baha berýänni bil sen!»

Terjime eden we çapa taêêarlan: Kakabaê Gurbanmyradow

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.