Bir Laçynyn Baýguslaryn Ýasaýan Harabalygyna Barsy Hakynda Hekaýat – Jelaleddin Rumy Balhi

BIR LAÇYNYN BAÝGUSLARYN ÝASAÝAN HARABALYGYNA BARSY HAKYNDA HEKAÝAT

Algyr laçyn bir gün saý-sebäp bilen
Baýguslan ýasaýan ýerine gelen.
Belki, azasandyr ýitirip ýolun,
Bärik öz erkine gelmäni mälim.
Baýguslar laçynyn dasyny gallap,
Jakyrdasypdyrlar esli mahallap.
«Bizin ýurdumyza bolup hyrydar
Gelen bolaýma sen, ýigrenji murdar?»
Laçyn seýle diýen: «Düsünin söze,
Mätäç däl men sizin harabanyza.
Menin beýle ýeri çekenok kesdim,
Sizin aranyza tötänden düsdüm.
Bu ýerlerde mekan tutjak gus däl men,
Hä diýmän, öz mesgenime uçýan men.
Barar-da, gonaryn eline sanyn,
Ana, so ýer men arzyly mekanym!
Bir baýgus dillendi: «Bu örän mekir,
Belki, ýurdumyzy talamakçydyr?
Hälden bari otursa-da haly ten,
Her zat çykyp biler munun ýalydan.
Bu gus dogrudanam, bolsa idili,
Dile alarmydy sanyn adyny?
Gezýän borly san-söhratyn ysgynda,
Salyk näme barmys munun kesbinde?
Tutan bolup hökümdaryn adyny,
Görün munun samrap duran zadyny?
Bizi samsyk diýip bilýan bolmasyn?
Bizin üstümizden gülýän bolmasyn?
Güýç-kuwwatam-a ýok, bizdenem ejiz,
Men-ä beýle gusa dusamok heniz.
Laçyn diýdi: «Sa çykanda sikara,
Menin kuwwatymy beletden sora.
Aw mahaly süýnýän göýä bir peýkam,
Gören haýran galyp, basyny ýaýkar.
Sa ýanynyn wezir-wekili bilen
Men yzymdan galman, enýärler kilen.
Beýik hökümdaryn göwün hosy men.
In söýgüli, in arzyly gusy men.
Çäksiz asman menin mesgenim-jaýym,
Sypdyrman alýaryn topulan awum.
Hatda ähli guslan sasy Huma-da
Ganat ýaýyp ýören wagtym howada,
Gözi gidip synlaýandyr bolsumy,
Awumy sypdyrman, kowup alsymy.
Sizem mana ýetik belet dälsiniz,
Bilseniz, men dusmanynyz däl sizin.
Her mahlugyn öz öýi, öz ili bar,
Öz täleýi, öz maksady, ýoly bar!»

Terjime eden we çapa taêêarlan: Kakabaê Gurbanmyradow

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.