Bir Kakilik Aldyrsa Zürýe Balasyn, – Magtymguly Pyragy

Bir kakilik aldyrsa zürýe balasyn,
Saýraý-saýraý, gözlemeýin bolarmy?
Bir bilbil ýitirse gyzyl lälesin,
Hasratynda sözlemeýin bolarmy.
Kürresi elinden gitse eşegiň,
Telmuryp dört ýana, gözlär uşagyn,
Akmaýa aldyrsa elden köşegin
Bagryn bozup, bozlamaýan bolarmy?
Bir jeren aldyrsa elden owlagyn,
Bala sesin diňläp,salar gulagyn,
Döke-döke gözýaşynyň bulagyn,
Mäleý-mäleý, yzlamaýan bolarmy?
Agsagyň elinden alsaň agajyn,
Ýaman derde duşar, tapmaz alajyn,
Bir güýçli duşmana duşsa mekeji
Jojugyny gizlemeýin bolarmy.
Aýralyga adam ogly neýlesin?
Kim galar görmeýen ajal hilesin,
Magtymguly, haýwan bilse balasyn,
Ynsan bagryn duzlamaýyn bolarmy?
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.