Bir Hojaýynyn Öz Gullaryny Synaýsy Hakynda Hekaýat – Jelaleddin Rumy Balhi

BIR HOJAÝYNYN ÖZ GULLARYNY SYNAÝSY HAKYNDA HEKAÝAT

Birçak bir hojaýyn bazara gelen,
Iki sany arzan gul satyn alan.
Hijisinem tanamanson idili,
Synap görmek üçin öz harydyny,
Olan ikisinem gezek-gezegne
Gepledip görmegi düwdi ýüregne.
Aslynda, gep diýlip at berlen zada
Dürli hili garaýys bar dünýäde.
Olaryn käbiri – asaldan süýji.
Käbirisi bolsa – zäherden ajy.
Ol gowumy, erbet-gerlip önünde,
Örtüp durýar näme bolsa göwünde.
Söz-käte zäherdir, kä hazynadyr,
Onun parhyn bilýän kisi danadyr.
Gullan biri juda suhangöýmisin,
Ol söze baslapdyr dik tutup basyn.
Her sözünin manysydyr saldamy
Haýrana goýupdyr dinlän adamy.
Ýolumyz tekiz däl – çarkandak, kötel,
Haýsy kisi ondan büdremän öter?
Gurhany okasan päk yhlas bilen,
Bilersin nirde çyn, nirede ýalan.
Dogry garap basarmasan her zada,
Gosa görnüp biler asmanda Aý-da.
Sol Aýlan birisi sowala menzär,
Beýlekisi ona jogaba menzär.
Hakykaty biljek bolsan sen eger,
Herki zada dogry gara, dogry gör.
Söhbet edýän wagtyn bir kisi bilen,
Esidýän zatlaryn çynmy ýa ýalan –
Köre-kör uýaýman näme esitsen,
Gowy bor her sözün anygna ýetsen.
Esidenin bolmaz görenin deýin…
Basky gürrünime gaýdyp geleýin.
Gepine din salyp hojaýyn indi,
Akylly gul alanyna begendi.
Hojaýyn çagyrdy ikinji guly,
Ol edil ýanynda daýandam weli,
Alyp onun porsy, ýakymsyz ysyn,
Ýüz-gözüni çytyp, üýtgetdi tüýsün.
Bazardaky sonça gullan içinden
Ony alanyna ökündi çyndan.
Burnun towlap, diýdi: «Haýysym sana,
Menden biraz dasyrakda dursana.
Aýrar ýaly bu ýigrenji ysyny,
Tebibe görkezsek näderkä seni?
Gürrün berip öz hünärin hakynda,
«Hatdat boldum» diýipdin bir gepinde.
Garamazdan erbet ysyn baryna,
Begenýän men senin bu hünärine.
Bite gahar edip, ýorgan otlaýan
Edýändir hemise özüne zyýan.
Diýýän sana – öz wepaly gulamma,
Gowuja ýuwnup gel git-de hammama!
Son birinji gula ýüzlendi: «Indi
Kalbym senin bilen söhbete bendi.
Bilýan halallygny, kalbyn päkdigni,
Gullan arasynda taýyn ýokdugny.
Sana on garaýsy basga düýpden,
Gömdi sen üstüni dürli aýypdan.
Onun sen hakdaky sözlernin baryn
Hut özüm-ä töhmet hasap edýärin.»
Gul diýdi: «Dostuma beled-ä menem,
On arassa kalby göýä bir çemen.
Gönümeldir, hiç bir öwrümi ýokdur,
Dogruçyldyr, ýalan gürrüni ýokdyr.
Hemise hosgylaw, onat pällidir,
Eýsem, ol adamyn gowsy dälmidir?
Köpden bäri tanys, ýetik men teýne,
Onun dogup-döräp ýasalsy seýle.
On üçin özümi oda urar men,
Dostumy penalap, dösüm gerer men.
Ol men hakynda-da ýalan sözlemez,
Aýbymy-da göni aýdar, gizlemez.
Adam asla öz aýbyny bilmeýär,
Aýdaýsanam, haýran galyp, genleýär.
Ýöne basga birne keseden bakan
On kemin has gowy saýgarar eken.
Näçe synlasak-da özgelen ýüzün,
Öz kesbimiz göze görnenok bizin.
«Dur, sen sözlen çökder akyl ýeterden»,
Diýip, gulun sözün böldi ol birden.
Son hojaýyn ýüzlendi öz guluna:
«Degýänmi, degenok beren puluma,
Ony sözlerinden anaryn meger,
Mana dostyn aýby hakda gürrün ber!
«Gönümellik onun aýbynyn biri,
Kalbyndaky sözlen dilinde bary.
On ýene seýleräk bir gylygy bar:
Hak is üçin janyn bermäge taýýar.
Kä adamlar sähel ömri galanda,
Has dogrysy, öldüm-öldüm halynda.
Ömürlernin paýawlanyn bilýärler,
Ýagsy kisi boljak bolan bolýarlar.
Görseniz gözbasdan gaýdýan suwy,
Derýa bolup, denze guýmak arzuwy.
«Özüne nämelen garasýanyny
Biler her kim dine Kyýamat güni.
Dernäp ähli günä, sogaplaryny,
Bererler mynasyp jogaplaryny.»
Diýip, Pygambermiz birçak aýdypdyr,
On sözüne ten bermezlik aýypdyr.
Biz köp wagt Haky unudyp, ýene
Bil baglaýas onun rehmetine.
Belki-de siz bilýänsiniz guwwasyn
Dür tapmak ugrunda edýän yhlasyn.
Ummanlan teýini dörüp, kösenip,
Tapany sylag däl, kalba basalyk.
Bir zat berip, göz dikmän-de muzdyna,
Ýagsylygy etjek bolun mugtuna.
Hantamalyk sizi oda salmasyn,
Salsykly çemçäni ýada salmasyn…
Soranson, ýasyryp ýörmän gursakda,
Sulary aýdasym gelýär ol hakda.
Dostum mydam ýagsy päl bilen gezýär,
Aýby özgezen däl, özünden gözlär.
Ol hemine ilin bähbidini arar,
Özgä däl, özüne gazaply darar.»
Hojaýyn ýene-de on sözün kesdi:
«Ony magtabildin, goý indi, besdir.
Eger men gözüme ilse on aýby,
Bolmaz bu sözlerin jinnek deý haýry.»
Gul diýdi: «Alladan ant içýän, ynan,
Çynym bilen aýdýan bu sözleri men.
Adamy toprakdan, suwdan ýaradan
Beýik Tanry hemme üçin gyraden.
Bilgeslin magtaman menem dostumy,
Sözledim ol hakda dine rastymy.»
Suwa düsüp, aram tapyp janyna,
Geldi öwülýän gul bulan ýanyna.
Hojaýyn ugradyp önki guluny,
Edil gapdalynda oturtdy ony.
Diýdi: «Ýanky giden dostyn hakynda
Dogruny aýt mana, zatdan çekinme.
Onun sen barada aýdan geplerin
Dinläp, men-ä halys çasdy bu serim.»
«Basyny ýaýkaýan welin beýle sen,
On sözün mana-da aýan eýle sen.»
«On diýen zatlarny gowsy, bilme sen,
Senden pis adam ýok ony dinlesen.
Adam däl-de, tüýs arwahdan bolan sen,
Açgöz, desmalçy sen, ähtiýalan sen.»
Ikinji gul bu sözleri esdende,
Gahary jos urup, durmady çende.
«On özi anrybas ýigrenji biri,
Azdyr ony ýere gömsenem diri!
Ýükün tutup herki erbet gylykdan,
Onda nam-nysan ýok adamçylykdan,
Ygrar, namys, ar ýok gyla sürtesi…»
Gitdigiçe, onun batlandy sesi.
Hojaýyn gen galyp bolsuna onun.
Diýdi: «Kimdigini bildim men senin.
«Dasy jäjek, içi möjek» diýilýän
Adamyn sendigni men indi bilýän.
Dostun hakda aýdan sözlerni dinläp,
Ona däl-de, sana barkýaryn genläp.»
Biz öndenem bilýäs – kalby garanyn
Kesbinde-de seýle renkin baryn.
«Haýwanyn alasy dasynda bolar,
Adamyn alasy içinde bolar»
Diýen seýle ajap, täsin nakyly
Ýatlasan, manysy nähili uly!
Okara hernäçe owadan weli,
Many – ona salnan zatda bolmaly.
Gözellik az salym egläp nazarny,
Bendi eýlese-de akylny, serni,
Suw deý akyp geçer gider, das galar,
Herki zatdan many galar, is galar.
Denzin düýbi doly balykgulakdan,
Ýöne dür tapaýmak agyrdyr çakdan,
Dasyndan synlasan, bary menzesdir,
Dür birinde bardyr, galany bosdyr.
Adamlaryn bolsam edil son ýaly –
Kimseler – gury san, kim – duran many.
Synlan wagty almaz bilen kerpiji,
Tapawudyn duýar olan her kisi.
Denesen elin hem gözün güýjini,
Özünem ap-ansat anarsyn suny:
El-ýanynda ýatan zatlary tutar,
Emma gözün welin äleme ýeter.
An barada aýdanda-da, seýledir –
Dem salymda gin äleme seýil eder.

Terjime eden we çapa taêêarlan: Kakabaê Gurbanmyradow

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.