Bir Gün Ataň Yşk Etdi, – Magtymguly Pyragy

Bir gün ataň yşk etdi,
Sulbundan joşa ýetdiň
Owwal suwduň, gan bolduň,
Gandan soň läşe ýetdiň.
Hökm eýledi ol hudaý,
Dokuz sagat, dokuz aý,
On iki endam jaýba-jaý,
Süňňi ulaşa ýetdiň.
Güwş berdi, dahan berdi,
Dahana zyban berdi,
Akyl berdi, jan berdi,
Göz berdi, gaşa ýetdiň.
Ýaşdyň, ele ulaşdyň,
Ýörip: ýola ulaşdyň,
Sözläp tile ulaşdyň,
Nan iýdiň, aşa ýetdiň.
Ýediňde mekdep gördüm,
Okydyň, ýola girdiň1,
Gyz bile bazy gurduň,
Tä ondört ýaşa ýetdiň.
Hak berdigin iýip-içdiň,
Her ýola bir baş goşduň,
Mahbup bile söýüşdiň,
Bile çolaşa ýetdiň.
Ýigrimi ýaşa geldiň,
Ýigit bolup, sen ýeldiň,
At mündüň, gylyç aldyň
Jeňe-söweşe ýetdiň.
Otuzynda ýerinden,
Duman gitmez serinden,
Ýigitligiň zorundan,
Gezdiň, tomaşa ýetdiň.
Sürdüñ, dünýäni, sürdüñ,
Ahyr wepasyn gördüñ,
Kyrkyña gadam urduñ,
Kämil sen, huşa ýetdiñ.
Bar almadyñ bagyñdan,
Hazan urdy tagyñdan,
Elli, sakal agyñdan,
Utan, bir ýaşa yetdiñ.
Altmyşa ýaş ýetirdiñ,
Başyñ gama batyrdyñ,
Hoş günleriñ ötürdiñ,
Ýazyñ ýok, gyşa ýetdiñ.
Ýetmişde ‘’Hak!’’ diýip galdyñ,
Kuwwatyñ ýok, ýykyldyñ,
Gojaldyñ, işden galdyñ,
Söýle, ne pişä etdiñ.
Segsene ýetişse sal,
Niçik geçer beýle hal,
Ötdi gyzgynly mahal,
Oraksyz hoşa ýetdiñ.
Togsanda ýañylar söz,
Gara bolup görner boz,
Gowşar süýek, alar göz,
Ýüz müñ endişä ýetdiñ.
Magtymguly oturdyñ,
Ömrüñ gapyl ötürdiñ,
Hak üçin ne iş bitirdiñ,
Eger ýüz ýaşa ýetdiñ.
*
1Golýazmalarda “Okydyň, ýoluň bildiň” diýen görnüşde gelýär.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.