Bir Gije Ýatyrdym Tünüñ Ýarynda, – Magtymguly Pyragy

Bir gije ýatyrdym tünüñ ýarynda,
Bir tört atly gelip, “Turgul!” diýdiler.
“Habar biýrmiz saña pursat jaýynda,
Şol ýerde ärler bar, görgül” diýdiler.
Nazarym ýetişgeç şol tört merdana,
Köñlüm joşa geldi, başym gerdana,
Şol wagtda bar idi iki diwana:
“Durma, oglan, anda bargyl” diýdiler.
Şol iki diwana tutdy golumdan,
Alyban gitdiler durgan ýerimden.
Bir yşarat boldy anyñ birinden,
“Seýranda baryban durgul!” diýdiler.
Olturypdyk, geldi iki pirzada,
Gözünden ýaş akar, dili dogada,
“Hüw, hak!” diýip çykdy alty pyýada,
“Adam indi geler, görgül” diýdiler.
Bir tört atly geldi, bary sebzebaz,
Asalary ýaşyl, aty teblebaz.
“Mejlis halkasyny gurmañ beýle az,
Adam köpdür, ulug gurgul!” diýdiler.
Daşdan çykdy, altmyş atly gördüler,
“Muhammet!” diýip, tamam garşy ýördüler,
Saglyk-salamatlyk bir-bir sordular,
“Durmañ, ulug jaýa ýörgül!” diýdiler.
Bir atyñ ardyna meni berdiler,
Seýranda şol jaýa baryp durdular,
Tamam olturdylar, mejlis gurdular,
“Oglan-maña-ara girgil!” diýdiler.
“Alydyr” diýdiler, tutdy destimden,
Borýa düşegimi aldy astymdan,
Men bilmedim, bir zat guýdy üstümden,
“Ýolugan döwrandyr, sürgül!” diýdiler.
Haýdardan soradym barça atba-at:
“Hezreti pygamber oldur, bolma ýat,
Ol Selim hojadyr, ol Baba zürýat,
Ol Weýsel Karadyr, bilgil!” diýdiler.
“Ol Bahaweddindir, ol hem bir ärdir,-
Biri Zeññi Baba ol-da namdardyr,
Ol söýenşip duran tört çaryýardyr,
Maksadyñ ne bolsa aýtgyl!” diýdiler.
Şol wagtda duran iki şeýhi-şap,
“Bu oglana pata beriñ – diýdi – sap –
Ýüz ýigrimi tört müñ enbiýa, eshap,
Barysy şolardyr, bilgil!” diýdiler.
Resululla aýtdy: “Ýa, Şahymerdan,
Eýa, Selim hoja, ýa, Baba Selman,
Ebubekir-Sytdyk, ýa, Omar, Osman,
Bu gulnuñ maksadyn bergil!” diýdiler.
Selim, Baba Selman buýurdy merde,
Pyýalany tutup, saldylar derde,
Gitdi akyl-huşum, ýatdym şol ýerde,
“Arşda, ferşde ne bar, görgül!” diýdiler.
Ýel boldum, ýügürdim ýeriñ damarna,
Nazarym tokundy Arşyñ kemerne,
“Jebrut äleminde Jelil syryna –
Gelip, özüñ garap görgül!” diýdiler.
Näge hyýal etsem, ele getirdim,
Kaýda baksam, oña nazar ýetirdim,
Bu hal ile men parahat ýatrdym,
Ýüzüme tüýkürip: “Tur, gul!” diýdiler.
Resululla aýtdy: “Eshaplar, ýörüñ,
Oglany uzadyñ bir pata beriñ, –
Buýurdy tört atla,- eltip tabşyryñ,
Getirgen jaýyñda goýgul!” diýdiler.
Turup, Magtymguly gözün açypdyr,
Serine ne köýler gelip geçipdir,
Hyra ner dek ak köpükler saçypdyr,
“Oglan, Alla ýaryñ, bargyl!” diýdiler.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.