Bir Gije Ýatyrdym, Bir Ahwal Gördüm, – Magtymguly Pyragy

Bir gije ýatyrdym, bir ahwal gördüm,
Bir bölek başlary kulahly geldi.
Tisginip oýandym, ýerimden turdum,
Gollary tylladan asaly geldi.
Bir bölek erenler tekrimni eýläp,
Al-u ýaşyl geýip, esbabyn şaýlap,
Tutdum birisini baryndan saýlap,
Lebleri şekerden mazaly geldi.
Bir peri sallanyp, seýle çykypdyr,
Gamza birle galam gaşyn kakypdyr,
Meniň janym yşk oduna ýakypdyr,
Başlary tylladan jygaly geldi.
Jepalar çekipdir ýar diýarynda,
Bagda biten alma bile narynda,
Magtymguly bir periniň zarynda
Hemmesiniň tili senaly geldi.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.