Bir Çüýrük Hozbilen Jahan Jöwherin, – Magtymguly Pyragy

Bir çüýrük hozbilen jahan jöwherin,
Ol ne humarbazdyr, utup durupdyr,
Çüýrük saman etmiş mata bazaryn,
Göwhere barabar satyp durupdyr.
Ne düşekdir, aňa basan ýarymaz,
Ne kiştidir, derýa batar, ýörimez,
Ne enedir, ölmez,ýitmez, garrymaz,
Öz balasyn özi ýuwtup durupdyr.
Ne çyragdyr, gözsüzlerge ýarydyr,
Ne gözgüdir, bu aýnadan ardyr,
Ne sakydyr, pyýalysy ýöridir,
Bir goly bogzundan tutup durupdyr.
Ne mahlukdyr, ne erkekdur, ne dişi,
Bir gözi dym-akdyr, bir gözi çaşa,
Reňňi gara, ala on iki başy,
Ýeri-gögi birden tutup durupdyr.
Başy baryp çykmyş arşyň üstüne,
Aýagy inmiştir ýeriň astyna,
Janly, jansyz her ne gelse destine,
Dannamaý dahanna atyp durupdyr.
Dostlar, höwes etmäň loly aýaly,
Siz aldap, köpdür anyň hyýaly,
Bu dünýä bir kör syçanyň mysaly,
Kökleri birbe bir kertip durupdyr.
Dostlar, bir mysaldyr tilime gelen,
Zehin goýsa, biler akyly bolan.
Jahan ýüzüň tutmuş bir gudrat ýylan,
Guýrugy başyndan ötüp durupdyr.
Magtymguly, magrur bolma bu söze
Hiç beýle janawar ilmemiş göze,
Ýene bir gudrat, ýedi kelpeze,
Şol beýik ýylany ýuwtup durupdyr.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.