Bir Bidöwlet Iliň Begi Bolynçaň, – Magtymguly Pyragy

Bir bidöwlet iliň begi bolynçaň,
Döwletliniň gapysynda gul bolgul!
Bedasyl beg gullugynda galynçaň,
Asyl begiň saýasynda kül bolgul!
Ýamany goý, ýagşylara göz ildir,
Kelhemeç hem:“Öz oglanym gözel diýr“.
Gargyş gurduň zürýadyny azaldyr,
Goýun kimin çar tarapa il bolgul!
Süleýman sen, mura bir gulak goýgu,
Sözüni diňlegil, jowabyn aýgyl,
Häkim bolsaň, halky Gün kibi çoýgul,
Akarda suw, ýa öserde ýel bolgul!
Ne işdendir – ýatyp, nebsiň besleseň,
Akmaklykdyr özüň ýagşy toslasaň,
Her bazarda rowaç bolmak isleseň,
Ýagşylaryň kisesinde pul bolgul!
Magtymguly, bardyr demiň hesibi,
Ir-giç ýeter her bendäniň nesibi,
Kişi bolsaň, goýgul gury tewsifi,
Ýagşy, ýaman, barçalara dil bolgul!
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.