Bilmezem Hiç ,kaýsy Derdiň Mübtelasydyr Köňül, – Magtymguly Pyragy

Bilmezem hiç ,kaýsy derdiň mübtelasydyr köňül,
Ýa,reb,ol bir biwepanyň çoh höwesidir köňül.
Yşk derýadyr,düýbi ýok,hijran bir otdur,öçme ýok,
Yşka meýl etgenbu otlarga ýanasydyr,köňül.
Bilmeyen atmyş özünyşk oduga perwana dek,
Imdi bilmez çäresiň kim,ne kylasydyr köňül,
Isanyň demi muhal,Lukman o ýerde güň-u lal,
Ýa,reb, bu derdiň bu muhalişdawasydyr bu.
Gerçe yşkyň derdidir diwanaýy jan apaty,
Aşna ähli bu gamny daýym aýasydyr,köňül.
Hiçe mährem binowalar tapdylar andan nowa,
Manyg eden andan meni bagtym syýasydyr,köňül.
Ýyglaýyp,Magtymguly,dergaha arzyň edewer,
Ne üçin köp ýyglagan bir gün bülesidir,köňül.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.