Bilip Bolmaz – Magrupy

Bilip bolmaz
Ne hünäri bar ýigidin
Garyplykda bilip bolmaz;
Garyplyk bir sum owkatdyr,
Kaza ýetmeý, ölüp bolmaz.
Görmän dünýänin lezzetin,
Çekmän ahyret mähnetin,
Eýäm bermegen döwletin
Dogum bilen alyp bolmaz.
Owwalda olsan hub idi,
Bermisem pendi-öwüdi,
Özi bolmadyk ýigidi
Märekäge salyp bolmaz.
Mert ýigitler hiç ölmese,
Namart dünýäge gelmese,
Zaty bigaýrat (bolmasa),
Il derdinden galyp bolmaz.
Magrupy çeker ahy-zar,
Menin istegenim didar,
Ýaman bendeden hak bizar.
Ýagsydan aýrylyp bolmaz.

Hits: 1

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.