Bilbilleri Yesir Eden Guli-Handan, – Magtymguly Pyragy

Bilbilleri yesir eden guli-handan,
Ýa,reb,habar bilerinmi, ýar senden!
Ýedi yklym maňa görüner azyndan,
Ýa,reb,habar bilerinmi, ýar senden!
Ispendiýar Ruinten, Rüstem Zalynda,
Şam, Nejefde,Mekge,Dymşyk ilinde,
Arzy Karsda, Kerbelanyň çölünde,
Ya,reb,habar bilerinmi,ýar,senden!
Şerap içip, serhoş bolup segresem,
Ganym janyn gyýym – gyýym dograsam,
Görogly dek dagdan – daga ugrasam,
Ýa, reb, habar bilerinmi, ýar, senden!
Şyh Sengan deý uzyn gaýgaulansam,
Şibli kimin toz – topraga bulansam,
Käbä baryp, ýedi keret dolansam,
Ýa, reb, habar bilerinmi, ýar, senden!
Ýusup kibi zyndan içre aglasam,
Jirjis kibi jan ýolunda çaglasam,
Ýunus kibi haka gulluk baglasam,
Ýa, reb, habar bilerinmi, ýar, senden!
Doga kylyp, elim göge galdyrsam,
Gül, Ferhat dek gyzyl meňzim soldursam,
Gopuz alyp, beýik nagra çaldyrsam,
Ýa, reb, habar bilerinmi, ýar, senden!
Isa kibi hylwat tutsam semada,
Idris kibi gulluketsem zyýada,
Hyzyr, Ylýas kibi girsem zulmada,
Ýa, reb, habar bilerinmi, ýar, senden!
Magtymguly, aşyklaryň mestinde,
Hyra gözi haýran olar dostunda,
Ýedi ýerde, dokuz pelek üstünde,
Ýa, reb, habar bilerinmi, ýar, senden!
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.