Bilbilem, Ahy – Zar Çekip, – Magtymguly Pyragy

Bilbilem, ahy – zar çekip,
Täze gülzardan aýryldym.
Gözden ganly ýaşym döküp,
Ol söwer ýardan aýryldym.
Ýara ýaraşar sürmeçe,
Sypatyn söýlärem ança,
Lebi şeker, agzy gunça,
Zülmi garadan aýryldym.
Şirin janda ýokdur takat,
Jebri anyň jana rahat,
Gaşlary pitneýi-apat,
Çeşmi hunhordan aýryldym.
Aýryldym gunça-gülümden,
Syýa saçy sünbülimden,
Hoş owazly bilbilimden,
Şirin güftardan aýryldan.
Däli köňlüm arzymany,
Külli gözelleriň hany,
Sekiz jennetiň bostany,
Bakjaly bardan aýryldym.
Illeri bar dinli-dinli,
Sowuk suwly, ter ölenli,
Ili-gökleň, ady-Meňli,
Näzli dildardan aýryldym.
Magtymguly, aşyk mestan,
Bagladym şanyna destan,
Menzilgähi bag-u bostan,
Almaly nardan aýryldym.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.