Bilbil Hüjüm Eýlän Howaly Baglar, – Magtymguly Pyragy

Bilbil hüjüm eýlän howaly baglar,
Bibil senden gider, pygan eglenmez!
Ýagyşly, ýagmyrly, ümürli daglar,
Siller senden gider, duman eglenmez!
Adam ýaradylmyş belentli, pesli,
Akylly-pikirli, dälili-mesli1,
Ýigitlik bir göýä baharyñ pasly,
Bahar senden gider, zaman eglenmez!
Gelene garşy çyk, bolsa mejalyñ,
Ýagşy tutawergil niýetiñ-päliñ,
Dünýä döwranynda açyk tut eliñ,
Döwür senden gider, döwran eglenmez!
Bu dünýä gowgadyr, bir galmagaldyr,
Kimi ber-ha-berdir, kim al-ha-aldyr,
Ýigitler, bu dünýä şuña mysaldyr,
Bark urar asmanda, baran eglenmez!
Bir menzildir, üç gün iýip-içen soñ,
Ornaşyp, giñrenip, bilin açan soñ2,
Üzeññiñ çekerler tört gün geçensoñ,
Bäş günden ýokary, seýran eglenmez.
Goýnuñ açar bir gün, ýer seni gizlär,
Gara gumdan dolar bu nerges gözler,
Adyña buýsanma, çemenli düzler,
Çemen sende guryr, seýran eglenmez!3
Magtymguly, aýdar aryf dostuna,
Kim galar düşmeýen ajal destine,
Pelek bir gün salar ýeriñ astyna,
Agyzdan til gider, zyban eglenmez!
*
1.Bu seririñ “Akylly pikirli, danaly -usly” diýen aýdylyşy hem bar.
2.”Aýşy-aşret edip, bilin açansoñ” diýen görnüşi hem bar.
3. “Awyña buýsanma, çemen düzler,
Çemen senden gider, jeýran eglenmez” diýen nusga hem bar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.