Beýikler Geçip Dur Yzly-Yzyna Berdinazar Hudaynazarow

Beýikler geçip dur yzly-yzyna,
Peslerem geçip dur hatarma-hatar.
Senem öz-özüňi aldama, adam,
Bu günler baky däl, bu günler öter.

Öz boýuňdan uzyn görünjek bolma,
Akylly-da bolma özüňden beter.
Ersen mahallaryň ýa-da saljak bol,
Kimdigiňi tanap, bu günler öter.

Bir kişiň göwnüni ýyladan bolsaň,
Yssysy seniňem kalbyňa ýeter.
Dört paslyň aýlanşyndan many al,
Seni bir dem synlap, bu günler öter.

Bar aladaň özüň bolsa ýeňildir,
Owunjak oýlaryň özüňi üter.
Baş ýaýkap bakar-da, beýle bolşuňa
Bu günler öter.

Ömürboýy aklyň ýetmedik zada,
Iň soňky minutda, elbetde, ýeter.
Ökünen bolarsyň, oňa çenli-de
Öter, bu ajaýyp ak günler öter.

Sen geleňde gujak açan tebigat
Şeýdip bir gün seni böwrüňden atar.
…Kän zat aldyň bu owadan dünýäden,
Eçil, senem eçil! Bu günler öter.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.