Bende, Sen Bet Işe Batyrlyk Etme, – Magtymguly Pyragy

Bende, sen bet işe batyrlyk etme,
Aldyňda goýarlar ol gün bu işi!
Nebse uýma, şeýtan raýyna girme,
Hyjalata goýar, bilgin bu işi!
Nebsiň aýdar: „Urgun, bu bir hözirdir!“
Janyň aýdar: „Haý,dur,taňry häzirdir!“
Sen görmeseň , ol-ha saňa nazyrdyr,
Utangyn, eýmengin, goýgun bu işi!
Bir ýolda günä bar, bir ýolda sowap,
Arasatda senden istärler jowap,
Halala hasap bar, harama-azap,
Şeki ýokdur, ýada salgyn bu işi!
Ömrüň geçip bargan ýazdyr bir sagat,
Ne bolar, bu ýazda eýleseň tagat,
Sowaba şatlyk bar, jürme-hyjalat,
Boýnuňa almagyn, gelgin, bu işi!
Başyň göge, gowsuň ýele göterme,
Köňlüňe gorkyny çala getirme,
Ýürekde ýok sözi tile getirme,
Yhlas gulagyna çalgyn bu işi!
Mysapyr sen, mukym işin gurar sen,
Bibaka dünýäde niçe durar sen,
Munda ne iş etseň, anda görer sen,
Ýagşydyr, ýamandyr ol gün bu işi.
Şeýtan aýdar: “Şirin işdir, azagoý!“
Rahman aýdar: „Nebs umydyn üzegoý!“
Magtymguly: „Tur, goluňny köse goý,
Eger döze bilseň, kylgyn bu işi!“
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.