Belent Daglaryň Başynda – Magtymguly Pyragy

Belent daglaryň başynda
Bulut oynar sil biläni.
Goç ýigide toýdur-bayram
Her iş gelse il biläni.
Til bilenler guň bolupdyr,
Altyn,kümüş zeň bolupdyr
Peşe haçan deň bolupdyr
Ugraşanda pil bilani?.
Otlaga gaçar buzawlar,
Öňün başlar ýagşy göwler,
Tanalar hasse bedewler,
Köne,ýyrtyk jul biläni.
Haram işden gaçar pirler,–
Tilki sarkydyndan şirler,
Gusdurmany goymaz diyler,
Guýmak iýseň gyl biläni.
Hak bendesi haka çokar
Ýaman öz pälinden tapar,
Magtymguly,aýbyn ýapar
Aş, gylyj-u til biläni.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.