Belent Daglar, Beýikligňe Buýsanma, – Magtymguly Pyragy

Belent daglar, beýikligňe buýsanma,
Gudazda suw bolan zer dek bolar sen!
Tereň derýa, haýbatyňa guwanma,
Wagtyň ýetse, guryp, ýer dek bolar sen!
Daglaryň arslany, babyr-peleňi,
Bir güni deň bolar pil, peşe jeňi,
Mejmegul-Bähreýniň, Niliň näheňi,
Gulagyna urlan har dek bolar sen!
Kyýamatdan bir söz diýdim baýakda,
Garaw bardyr ýersiz urlan taýakda,
Zalymlar har bolar, galar aýakda,
Garyp, sen ýyglama, şir dek bolar sen!
Ýagşy bedew münen, hup mahbup guçan,
Bile eltipmidir bakyýa göçen,
Hakykat namartdyr imansyz geçen,
Iman bile barsaň, ner dek bolar sen!
Ýagşylar ýanynda ýörgül sen özüň,
Dür bolsun daýyma sözlegen sözüň,
Alymlara uýsaň, açylar gözüň,
Jahyllara uýsaň, kör dek bolar sen!1
Lukman kimin dertler dermanyn kylsaň,
Süleýman dek döwni permana salsaň,
Isgender dek ýeriň ýüzüni alsaň,
Ýere ýegsan bolup , ýer dek bolar sen!
Magtymguly, garap gözle daşyňny,
Jaýyn bilip sarp et nan-u aşyňny,
Kämil tapsaň, goý ýolunda başyňny,
Är yzynda ýörseň, är dek bolar sen!
*
1Bu bendiň:
Gerçe nesihatdyr illere sözüň,
Ile aýtmaý durup, owwal tut özüň,
Nämähremden berhiz etdirgil gözüň,
Ýogsa haýran kerdi-kerden bolar sen. – diýen nusgasy hem bar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.