Bedew Ölse, Meýdan Galar Armanly, – Magtymguly Pyragy

Bedew ölse, meýdan galar armanly,
Hak yşkyna at sal meýdan ýoluksa,
Är ölejek, heňňam galar döwranly,
Wagtyňy hoş geçir, döwran ýoluksa.
Ýigit bardyr sözün tapmaz, surrudyr,
Ýigit bardyr demi daşlar eridir.
Jaý ýerinde gaýra galsa garrydyr,
Goç ýigidiň aty çaman ýoluksa.
Işi dürst gelmez köňül çenine,
Dodagyny dişläp, „ah“ diýr zenine,
Ýylan zähri bolup ýaýryr tenine,
Ýigit garryr hatyn ýaman ýoluksa.
Ýüz namart ýerini tutmaz bir merdiň,
Mert çeker täsibin iliň – ýurduň,
Bitiren işini, görüň namardyň –
Jeň diýibän gaçar duman ýoluksa.
Magtymguly, öwüt bergin söz bilen,
Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen,
Mert çykar yhmana güler ýüz bilen,
Namart özün gizlär myhman ýoluksa.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.