Bedasyla Beglik Etse Bir Günde, – Magtymguly Pyragy

Bedasyla beglik etse bir günde,
Alar awun, salar guşun aňlamaz,
Ýarlygy ýörigen nyrbatsyz begler,
Pukaranyň gözde ýaşyn aňlama.
Belet başlar dogry ýola çyn bile,
Akyl ýigit söz başlamaz <> bile,
Namart oldur – geňeş eýlär zen bile,
Goç ýigiteler zen geňeşin aňlamaz.
Hak ýolunda her kim haýr- yhsan kylar,
Kyýamat gün bir ýerine on geler.
Namart duşman görse, gussadan öler,
Goç ýigitler tördün, bäşin aňlamaz.
Magtymguly beg ýanynda til başlar,
Gylyjy, gaýraty bolan il başlar,
Merten dogan ýygyn görse,ýol başlar,
Namart ogly deňin-duşun aňlamaz.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.