Baŷram Gelin, Hanmeňli Gyz, Şanäsen, – Magtymguly Pyragy

Baŷram gelin, Hanmeňli gyz, Şanäsen,
Bu dertleriň haŷsy birne ŷana sen,
Çarhy-pelek, her gün çepe döne sen,
Kalbymyň dünŷäsi weŷrana geldi.
Üçüň ykbalyny batyrdyň laŷa,
Ömrümi gam bilen öturdim zaŷa,
Şam-u säher golum serdim hudaŷa,
Asman ahym görüp, girŷana geldi.
Magtymguly, elip bilim buruldy,
Damarym dartyldy, ganym duruldy,
Ölüm zarby üç tarapdan uruldy,
Akylym dagylyp, heŷrana geldi.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.