Basyna Giden Hassa Hem-De Onun Sagaljagyna Ynamy Ýok Tebip Hakynda Hekaýat – Jelaleddin Rumy Balhi

BASYNA GIDEN HASSA HEM-DE ONUN SAGALJAGYNA YNAMY ÝOK TEBIP HAKYNDA HEKAÝAT

Tebibin ýanyna bir hassa geldi,
Diýdi: «Bilgirligin bar kisä belli.
Tutup görüp damaryndan bilegmin,
On ýürege çatykdygny bilermin?
Tebip berjaý edip onun aýdanyn,
Bada kesgitledi hassan ýagdaýyn.
O biçärän halys ysgynny alan
Dert dep boljak däldi bejermek bilen.
«Halyn harap» diýip aýdaýman göni,
Tebip diýdi ona: «Dinle sen meni.
Derdinden gutulmak islesen eger,
Sen göwnüne näme gelse, ediber.
Ýöne herki zadyn bil sen çenini,
Seýtsen, alyp bolar derdin önüni.
Biler bolsan, men su diýýänlem hakda
Aýdylýar hut keramatly aýatda.»
«Hos sözlerin üçin Alla ýalkasyn,
Belki-de, derdimden dynaryn basym.»
Diýdi-de, ol syryp derýanyn boýun,
Ugrady hiç hili derdi ýok deýin.
Söz berenson ol tebibin önünde,
Göwne gelen isi etmek küýünde.
Derýany ýakalap gidiberdi ol,
Bir sopunyn oturanny gördi ol.
Seretse, dünýäden bihabar adam
El-ýüzüni ýuwup otyr derýadan.
Mana: «Haýsy zady göwnüne düwsen,
Ediber» diýleni ýalanmy eýsem?
Sopyn arka tarapyndan bardy ol,
Duýman durka ýensesine çaldy ol.
Sopy uran kisä gen galyp bakdy,
Bada-bat almatyn berip biljekdi.
Ýöne kesbin synlap ol ysaratyn,
Dözmezçilik edip, üýtgetdi netin.
«Görnüp dur-a munun çalajandygy,
Ysgyn-mydary ýok, gury syndygy
Men-ä ursam, büem ýatsa serrelip,
Galaryn ajalna sebäpkär bolup.
Gaýtargy bermäge bolsa-da hakym,
Sypatyny görüp, üýtgedi netim.
Mun ýagdaýnam, öz ýagdaýmam bileýin,
Ýamandan boýumy satyn alaýyn.»
Gahary gelse-de, sypaýy gürläp,
Ony kazyn ýanna eltdi südürläp.
«Kazy hökmän adyl höküm çykarar,
Günäsin anyklap, jezasyn berer.
Kazy diýlen-adalatly bolmaly,
Seýtany-da burça gabap bilmeli.
Mybam sarpa goýup haka, halala,
Ili çagyrmaly ol dogry ýola.
Onda adalatdan bolmasa nysan,
Kösener hemise ynsaply ynsan.»
Diýip, kaza ýüz tutmazdan önürti
Sopy öz ýanyndan pikir öwürtdi.
Son kaza ýüzlendi: «Ine, bu duran
Kezzaplykda Iblisdenem ötüren.
Bakma ýalan-ýasryk wagyrdysyna,
Ýüz taýak urduryn ýagyrnysyna.
Eger öläge-de, gitse dowzaha,
Bolar mun isine mynasyp baha!»
Kazy diýdi: «Sende subutnama ýok,
Bil sen, gury sözden palaw bolanok.
Büý-ä kesel büren mysapyr kisi,
Subut et-dä, näme munun etmisi?
Bu bir egbar düsen, çala jany bar,
Jeza buýurmakda näme many bar?
Sen talabyn – birne tötänden degen
Dasa jeza berjek bolmak bilen den.»
«Sen sözlenden çykýar seýleräk many –
Diýmek, uran däl-de, urlan günäli?»
Kazy diýdi ona: «Garypmyn, baýmyn?
Arz edenne görä, pulun bir barmy?»
Sopy diýdi: «Senin netini bilýän,
Jübümde dört sany mis saýlyk pul bar.»
Kazy diýdi: «Sol saýlyklan ikisin
Bu näsag biçärä eçil sen basym.
Iýer-içer ýaly bir zat almasa,
Horlugyndan öljeg-ä bu bolmasa!»
Dinläp sopy bilen kazyn gürrünin,
Näsag öz ýanyndan ýüwürtdi göwün.
«Ýensesine sarpyk ýelmesem eger,
Belkem, kazam mana az-kem pul berer?
Ol kazynam ýensesine sunsurdy,
Son ýüzüne bakyp, mölerip durdy.
«Ön almytyn alan su sopy bile
Senem sarpygymyn bahasyn töle!
Sonda mekir kazy bilmän näderin,
Diýdi: «Sopy, onam muzduny berin!
Eger sumluk bolsa ile edýänin,
Bilip goý, hiç wagt gönenmez janyn.
Ýa-da özgä bir ýamanlyk edende,
Sonun awusyny dadarsyn sen-de.
Birni ýakjak bolsan – özün bisersin,
Özgä çukur gazsan – özün düsersin.

Terjime eden we çapa taêêarlan: Kakabaê Gurbanmyradow

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.