Barmy Barmaga Ýeriň Başga-Hudadan Gaýry – Magtymguly Pyragy

Barmy barmaga ýeriň başga-hudadan gaýry
Barmaganyň barmydyr ruýy-syýadan gaýry?!
Gezdikçe çarhyň astynda jahanda janlar çekip,
Ne talap bar saňa bu jebr-u jepadan gaýry?!
Hak edip, nähak kylyp,ýörseň gözden gan döküp,
Hasylyň nedir seniň jurmi-günäden gaýry?!
Iýip- içip, mahbup guçup,ýatsaň ir rahat ile,
Takatyň kany seniň ruýy-riýadan gaýry?!
Göz-gözelde, nebs-ýemekde, til dahy gybat bile,
Şöwketiň şer, başda ýok beýle howadan gaýry?!
Owwaly aňlamadym , aňlan sözne gitmedim,
Bu belada kimse ýok men binowadan gaýry?!
Pikir et, Magtymguly, panyýa bak, ne görner?!
Soňy ýok, aldawy çoh föwti-penadan gaýry?!
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.