Bagt Olar Ki, Bir El Düşer Serime, – Magtymguly Pyragy

Bagt olar ki, bir el düşer serime,
Hyýal hujuw eýlär, joşy ýandyrar:
Ýüregim joş berse, aklym jem bolar,
Pikir basar, gaýgy huşy ýandyrar.
Säher bagty derwuş nalyşa gelse,
Bilinden ýüp alyp, boýnuna salsa,
Taňry söýen bende bet doga kylsa,
Pelegi titreder, arşy ýandyrar.
Akmak özün akyl bileen deň eýlär,
Bir iş tutar, soňrasyndan aň eýlär,
Zehiniň käýider, aklyň teň eýlär,
Düýdügiň eýlemez, başy ýandyrar.
Hak söýüpdir Aly deýin welisin,
Gadym setdir yzzat etmek ulusyn,
Ýetmiş iki millet gömer ölüsin,
Segpazar milleti läşi ýandyrar.
Magtymguly, hakdan pyýala çekse,
Pyýala joş berip, hyýala çekse,
Aşyklar bagryndan bir nala çekse,
Dagy elendirer, daşy ýandyrar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.