Bag Eýesinin Sopynyn, Alymyn We Öwladyn Agyzlaryny Alardysy Hakynda Hekaýat – Jelaleddin Rumy Balhi

BAG EÝESININ SOPYNYN, ALYMYN WE ÖWLADYN AGYZLARYNY ALARDYSY HAKYNDA HEKAÝAT

Bir gün bag eýesi bagyna bardy,
O ýerde üç sany del adam gördi.
Olan kimdigini andy bada-bat:
Bir sopy, bir alym, ýene bir öwlat.
Bu gelen ýerleri öz mülki deýin,
Miwe tirip, gezip ýörler arkaýyn.
«Seýle-hä kowdurmaz. Hile ulanyp,
Aralarna tow salaýyn bularyn.
Soragsyz gireni üçin bagyma,
Bir-birden ýanaýyn bulan ýoguna!»
Diýip, bag eýesi pikir öwürdi,
Ol ilki sopynyn ýanyna bardy.
Gülümsirän bolup ýüzlendi ona:
«Eý, hormatly sopy, ýumus bar sana.
Ýaltanma-da bizin öe baryp gel,
O ýerden haly ýa palas alyp gel.
Biz dört kisi bolup hos söhbet gurup,
Gürleseris on üstünde oturyp».
Çygsyldap, ýumusa ugranson ýanky,
Ol beýleki ikin ýanyna endi.
Diýdi: «Sopy ýoldasynyz, elbetde,
Barypýatan wenezzyna, bihepbe.
Gowy bor size-de dagy duwara
Onun ýaly kesden açsanyz ara.
Külli ilat size goýýarka gadyr,
On ýala çörnesip ýörmäniz nedir?
Siz at-derejeli, sylanýan kisi,
Onun bolsa sanardan kän etmisi.
Tirkesmän-de özünize den edip,
Geler welin kowun ony güm edip.
Mydam belent tutup mertebänizi,
In ýakyn adamlam saýýaryn sizi.
Gadyrmy bilseniz-bilmeseniz-de,
Sat men bolsam mydam hyzmatynyzda».
Sopy gaýdyp geldi. Elinde düsek,
Topuldy dostlary ary köýen dek.
It alan sanaja dönderip, ine,
Nälet baryn ýagdyrdylar üstüne.
Bag eýesem onun syrtyna depip,
Çykardy bagyndan owarra edip.
«Kim jebir eýlese öz ýoldasyna,
Sonun düsen güni geler basyna.
Gara ýüreksiniz, gara pälsiniz,
Sizem menden only esek dälsiniz…»
Diýip, sopy hünürdäp öz basyna,
Tiz salymdan çykdy bagyn dasyna.
Salsykly çemçe-dä durmus diýilýän,
Birne ejir bersen bilip ýa bilmän,
Bolup agyr külpet ýa-da gaýgy-gam,
Sallanaýýar bir gün öz basyndanam.
Bag eýesi gurup ýene bir hile,
Öwlada seý diýdi: «Sözümi dinle.
Häzirin özünde bar-da öýmüze,
Tabsyr menin hyzmatkärim Gaýmaza.
Aýt ona garasýanymy bagymda,
Goý, çörek getirsin öýde baryndan».
Sonam ol alymyn ýanna ýüwürdi,
Duýdurman, dasyna kerep öwürdi:
«Sen bu görünýänlen hilinden dälsin,
Goýýan hormatymy özün bilýänsin.
Ýank-a tüýs ýurtýykan, loludan bolan
Nämüçin tirkesip ýörsün on bilen?
Bolsalar-da olar anrybas seýtan,
«Öwlatdyryn!» diýip, panlaýanlar kän.
Anyny aldyryp nesedir meýe,
In günä zatlary getirip küýe,
Edýäni sumlukdyr, sözläni ýalan,
Ýanky dag-a tüýs bir oýnasdan bolan…»
Diýip, bag eýesi ýylan dek çakdy,
Alym bu sözlere agzyny açdy.
Sonam ýoldasynyn gelýänin görüp,
Çykdy gazap bilen önünden ýüwrüp.
Renkini agardyp, gataldyp sesin,
Dökdi on üstüne bar nagarasyn:
«Ýalan sözlemek ýa ogurlyk etmek
Sen üçin esekden palan alan dek.
Asla çekýän bolsa ýüwrük-çamanlyk,
Diýmek, pederlenem edeni sumluk,
Hany, aýt, su baga näme üçin geldin?
Senin abat adam däldigni bildim…»
Seý diýenson agyz-burnuny towlap,
Alkymyndan alnan biçäre öwlat
Diýere söz tapman özün ýitirdi,
Bag eýesem depgisini ýetirdi…
Öwlat diýdi: «Giç düsündim hatama,
Senem isin sowlap durmaz mydama.
Edýän isin netijesin duýmadyn,
Ine, indem geldi senin nobatyn».
Son aýdysy ýaly boldy ähli zat,
Üçün ikisinden dynanson ansat,
Alymyn dasyna geçdi hojaýyn,
Darady biçärä hut möjek deýin:
«Bar, aýdaly, alymmysyn hamala,
Nädip düsüp ýörsün beýle pis ýola?
Eger bolýan bolsan hakyky alym,
Nämüçin erbede dikipsin pälin?
Dörensin gaty kän kitaplan gatyn,
Ýa solar ýoýdumy gowy päl-netin?
Ogrulan elinin kesilýänini
Bilmeýsin gaty gen galdyrýar meni».
Alym seýle beýan etdi ahmyryn:
«Paýy sudur menin ýaly akmagyn.
Sen ýeserlik bilen al salyp bize,
Aramyzy bozdun, çöp atyp göze.
Dostlaryny satan haýyn men,
haýyn, Gatyrak ursanam, jezana kaýyl…»
Kim ikilik etse mukaddeslige,
Ysnat getir özüne hem nesline.

Terjime eden we çapa taêêarlan: Kakabaê Gurbanmyradow

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.