Azdyra Bilmez – Magrupy

Azdyra bilmez
Towfyky-hedaýat peýweste hakdan,
Seýtan ol bendäni azdyra bilmez;
Huda her kimsäge çoh döwlet berse,
Hiç kim ol döwleti ýazdyra bilmez.
Ýat edinler, dostlar, haky her deme,
Aýtman nesihaty, zynhar, bigama,
Yskyn ody ýetismegen adama
Bu otlar gyzdyryp, kär ede bilmez.
Çeker boldun bu dünýänin apatyn,
Gaflatda geçirdin mydam sagatyn,
Çyn derwüsler gije kylar tagatyn,
Ilden pynhan eder, syzdyra bilmez.
Bu gamdan çykmaga galmady erkim,
Kem-artyk kuwwatym, aýryldy görküm,
Menin bu derdimi çekalmas her kim,
Her kim ysk oduna döz dura bilmez.
Magrupy, sen boldun güwä talyby,
Bir parça gam döwran boldy nesibi,
Bu dertlerni owal ýazdy kätibi,
Tebipler bu dertni bozdura bilmez.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.