Azady – Magtymguly Pyragy

A z a d y
-Paş eýle syryňny, saklama pynhan,
Emma ki, sözümden çakmagyl, oglum!
Günde ýüz köý geler-geçer bu başa,
Agyrtma, köňlimi ýykmagyl, oglum!
M a g t y m g u l y:
-Utanardym, syrym paş eýlemezdim,
Paş ederin, habar alsaň, Azadym!
Ýüz köý geler-geçer her gün bu başa,
Istäri bar, sapar kylsak, Azadym!
-Jepa urma özüň, çagyr möwlana,
Arzuwlama hany, begi, soltany,
Besdir bize owwal taňry bereni,
Aldyrma köňlüňni, gitmegil, oglum!
-Gidenmiz ýok alty bile, bäş bile,
Seýran etsek niçe deň-u duş bile.
Meger şonda gamgyn köňlüm hoş bola,
Köňül galkar, karar etmez, Azadym!
-Berzişiň ýok ýaş sen, gide bilmer sen,
Şöwür bar, şowhun bar, çyda bilmer sen,
Her baş goşup, ede bilmer sen,
Gitmeklik ýagdaýyň etmegil, oglum!
-Kişi Sözlemeýän, syry paş olmaz,
Ýagşydan, ýamandan anlan ýaş olmaz,
Şu gez ibermaseň, köňlüm hoş olmaz,
Raýymyz gaýtarma, göýber, Azadym!
-Bizi beýle niçikterk edesiň bar?
Bu ýol bihudadyr,bir gidesiň bar.
Gel, gitmegil, saňa köp terhosym bar,
Gaýgy, harajaya gaýtmagyl, oglum!
-Kalbyma giripdir yslam höwesi,
Teňňedir,dirhemdir halkyň tamasy,
Köňlüm narow etme, kylma terhosy,
Bir sapar işidip, göýber, Azadym!
-Kuran okyp gezgil, ýagşy kelamdyr,
Birehim owgandyr, dini yslamdyr,
Garaçydyr ýollar, hyzdyr, haramdyr,
Ölermiň, galarmyň,gimegil, ogul!
-Synaýyn, göreýin,bu gyn ykbalym,
Ýagşy gün, hoş sähet gelipmi salym,
Kast edip janymga, etse ajalym,
Bu ýerde hem bolsa, tapar, Azadym!
-Bilgeýşleýin özüň nirä atar sen?
Niçik işdir, muny beýle tutar sen?
Diýgil ahyr, kimiňbile gider sen?
Dem tartyp, her ýana bakmagyl, ogul!
-Jylawdary bolam Ýazyr han piriň,
Köňül guşy perwaz urar pakyryň,
Bu gün ýedi gňndür, „alhamd“ okyryn,
Şat eýle köňlümi, goýber, Azadym!
-Azdy diýr, bile sapa süreýli,
Eýsem iýbereli, synap göreli,
„Ämin!“ diý,tur,oglum, pata bereli,
Bir taňry ýar olsun saňa ,git, oglum!
-Magtymguly aydar:galmyşam çohdan,
Köňül guşy talbas urar yrakdan,
Her yerde saglygym iste ol haktan,
Doga kylyp,haka yalbar,Azadym!
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.