Aýdym Berdinazar Hudaynazarow

Men Dünýäni unutdym,
Saňa gözüm düşende.
Ýok, ýok — Dünýäni tutdum,
Saňa gözüm düşende.

Sen bir çaga — neresse,
Kuwwat berdiň müň esse.
Gül ýagdy desse-desse,
Saňa gözüm düşende.

Ýedi ýyllap garaşdym,
Ýedi ýyllap göreşdim.
Gördüm-de göge uçdum,
Saňa gözüm düşende.

Hümmet artdy dulumda,
Gurbat artdy dyzymda.
Çaga boldum özüm-de,
Saňa gözüm düşende.

Näme diýsem azdyr-az,
Öýe geldi aýdym-saz.
Tagamlandy nandyr-duz,
Saňa gözüm düşende

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.