Aýalyny Öýünde Biwepalykda Tutan Sopy Hakynda Hekaýat – Jelaleddin Rumy Balhi

AÝALYNY ÖÝÜNDE BIWEPALYKDA TUTAN SOPY HAKYNDA HEKAÝAT

Ýatyrka aýaly oýnasy bilen,
Bir sopy olaryn üstüne gelen.
Gapyny kaksa-da ot alan ýaly,
Eger-eger açanokmys aýaly.
Bir ädikçi bilen aýsy-esrete,
Mesgul zenan äri oda düsse-de.
Gapyny açaýyn diýmeýärmisin.
Wagt utup, ärini güýmeýärmisin.
Aýalynyn, seýle gylygnyn baryn,
Anýan sopy irräk ýapyp dükanyn,
Öz öýüne gelen wagty alnasap,
Özüniz bilýäniz -ine, bolan zat,
Ozal onun beýle gylygy ýokdy,
Häzirkisi ýaly, ir gelenokdy.
Hudaý hökman üstün açýar günänin,
Ýok on nazaryndan sypjak gümanyn.
Ser islen iýtmegem onun elinde,
Alasyp gitmegem onun elinde.
Ol kä günämizi geçse-de bizin,
Ahyry barybir gyzardar ýüzün,
Bir zady aýdaýyn gelenson dile,
Birmahal bir ogry düsüpdir ele.
Paýhasly Omaryn emrine görä,
Agyr jeza bermelimis ol ogra.
Ogry aýdan: «Günämi öt, hökümdar,
Meni bulasdyran ol seýtan murdar.»
Hökümdar aýdypdyr: «Basky günani
Geçmän, jeza bermek ýowuzlyk dälmi? »
Tanry geçirimli. Günäkär bende
Kän gezek ýalkanýar onun önünde.
Ýöne günä ise bas uran adam
Halas bolup bilmez agyr jezadan . . .
Ozalky gürrüne gelelin ýene,
Äri aýaly salyp çemine,
Aýagyny gysyk basýanyn bilip,
Tutdy biwepany üstünden gelip.
Aýal çäre gözläp, batsa-da dere,
Ol jaýda ýer ýokdy gizlenäýere.
Içine girere sandygam ýokdy.
Duwlanara hiç zat görünenokdy.
Gözün aýlan taýyn – ýalanaç diwar,
Olarda ne tuty, ne-de örtük bar.
Aýalyn hilesi özüne ýetik,
Ärini aldaman pikirni edip,
Onun oýlap tapan pirimne gara –
Ýapdy oýnasyna gara çadra.
Asyl-ha hiç ýeri görünmez ýaly,
Tutuslygyna örtdi sopun aýaly.
Sonra ylgap baryp, gapyny açdy,
Ärinin gözleri gara satasdy.
Aýaly bada-bat baslady söze:
«Bu möhüm is bilen gelipdir bize.
Bu zenan masgala baý ýerden gelen,
Garyndaslyk açsam diýýär biz bilen.
Munun ogy gyzymyza taýmysyn,
Özem akyllymys hem-de baýmysyn.»
Äri diýdi: «Dogry bolsa aýdanyn,
Gowy bolar tapsa her kim öz denin.
Herki zat bir-birne taý bolsa ýagsy,
Gudamy? Ikisem baý bolsa ýagsy.
Biri garyp, biri baý bolsa eger,
Ikisem bir-birne ýetirer zeper.
Gapyn iki tutaýy bar diýeli.
Biri – altyn, ýaldyraýar diýeli.
Beýlekisi – misden, renki öçük,
Su ýagdaýda olar taý bolsun niçik?»
«Su sözlerni aýtsam-da bu hanyma,
Ilmedi gulagnyn ýele ýanyna.
Diýýär: «Garyndaslyk açjagym menin
Zyýany ýok bolmasa-da öz denim.
Gudam barly ýermi, pukara ýermi –
Isleýän oglumyn bagtly bolarny.
Perzendimi bagtly etmek maksadym,
Baýdagyna, garypdygna bakmaryn.»
Äri diýdi: «Bu bir baý zenan bolsa,
Bizin gyzymyzy halaýan bolsa,
Bu ýagdaý elbetde, gowy zat weli,
Ýöne dogry zada dogry diýmeli.
Niçik bolsa sümelgämiz – jaýymyz,
Edil sonun ýaly ýagdaý-halymyz.
Hiç bir gos-golamsyz, berbat bu öýde,
Inne gizläre-de ýer ýok bu öýde,
Eger hanym sorap, syn edip bize,
Göwni ýeten bolsa adamlygmyza,
Onda seýle zady bilmegi gerek,
Öý bikes-ä loly, ýok asla derek.
«Enesini gör-de, gyzyn al» diýlen
Sözi ýöne ýerden aýdanok ilem.
Ýoldan çykanlygy, asyllylygy –
Enä görä bolar gyzyn gylygy.
Azgyn heleýdigin mana-ha aýan,
Bu hanymam bilse, etmezdi zyýan.
Aýtmak bilen beýle hekaýaty men,
Düwdüm ýüregime su niýeti men.
Islendik pirimin, selaýyn sözün
Aýbyny gizlemez, gyzardar ýüzün.

Terjime eden we çapa taêêarlan: Kakabaê Gurbanmyradow

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.