Aşyky-Ezel Men, Sonam, Men Saňa, – Magtymguly Pyragy

Aşyky-ezel men, sonam, men saňa,
Ne edep-erkan bar, ilden uýalmak,
Iltifat etmediň hergiz sen maňa,
Eýlemez bu işi bir gara galpak.
Meniň deý yşkyňda çohlar sen ýaryn,
Gündiz giriftaryň, gijeler zaryň.
Ömrüm paýmalyňdyr, janym nisaryň,
Bolsaýdy waslyňa bir çäre kylmak.
Eger ki hiç isem, çana geler men,
Hoşk istihan isem, gana geler men,
Murdaýy-sed sal isem, jana geler men,
Bolsaýdy bezm içre bir ýada salmak.
Ahym şeraryndan üýn salyp otlar,
Bardylar dergaha eýleýip datlar,
Eridi, ab oldy jümle jemadlar,
Öňden söňa barmy hiç beýle bolmak
Bendäňem, ger diýseň: „Nan beren alsa“,
Mydam mätäjiň men, kän beren alsa.
Ger zowky-wysalyň jan beren alsa,
Ýaraşar Pyraga jan berip almak.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.