Aşyklar Ähliniň Hany, Soltany, – Magtymguly Pyragy

Aşyklar ähliniň hany, soltany,
Tejelli tagtynyň şasy galandar,
Gezerem ýollary ýitirip ýarny,
Bilmenem, habar ber, kaýsy, galandar.
Men bu ýolda şunça zille bolmuşam,
Mande, galyp, ajyzlygym bilmişem,
Şeblini, Mejnuny alyp gelmişem,
Pähliwan, Pirýary, Weýsi, galandar.
Habar aldym bagy-bossan, gülünden,
Reňgi solmuş bady-hazan ýelinden,
Gerdany keç gahba pelek elinden,
Menewşe tutarmyş ýasy, galandar.
Hoşlugym ýok oýnamaga, gülmäge,
Rakyp, goýmaz dogrylyban gelmäge,
Bir halwatda ýar habaryn almaga,
Semze bar aşnalyk ysy, galandar,
Gündiziň pikiridir, oýdyr agşamyň ,
Bu resme geçirdim, wagtyn eýýamyň,
Ýa, reb, kerem etseň bize bir jamyň,
Gyýmatyn aýt, ne bahasy, galandar?
Söýseň ol ýaradan kadyr subhany,
Men garyby şat eýlegin pynhany,
Göterdi älemi, tutdy jahany
Aşygyň nalasy, sesi, galandar.
Magtymguly aýdar, istihan seniň,
Ten seniňdir, damar seniň, gan seniň,
Gyýmat üçin akyl seniň, jan seniň,
Dodagyma tutgyl tasy, tasy galandar!
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.