Asmandan Nur Ỳagsa, Munewwer Bolar, – Magtymguly Pyragy

Asmandan nur ỳagsa, munewwer bolar,
Zemin ỳaşyl geỳip, läle getirmiş
Huda buỳrugyndan aỳrylan juwan-
Oỳnaşyndan haram köle getirmiş.
Owwal akan ỳerden akarmyş aryk,
Men-menlik edeniň tanapy çüỳrük,
Mertden aşna tutsaň, abraỳna şärik,
Namart aşnasyna hile getirmiş.
Her kim gezer bu dünỳäde bir hile,1
Ỳörgün ata-baba ỳörigen ỳola,
Baỳtal ỳapagysyn çekermiş çöle,
Eşek kürresini kule getirmiş.
Her kim öz adyna möhüm gazdyrar,
Ỳazylan takdyry kimse bozdurar,
İkiniň sylagy birin azdyrar,
Taỳak bir däliniň ỳola getirmiş.
Magtymguly, ger doỳursaň bir ajy,
Mälimdir, tapar sen bu ỳerde hajy,
Häge mertlik etse adam biweji,
Her mejlisde ỳüz ỳol tile getirmiş.
*
1“Ähli musulmana etmegil hile„ diỳen görnüşde hem bar.
Dostuna çekermiş ỳüz dürli tabak,
Biakyla akyl biỳr, akmaga kötek,
Asmanyň ỳüzünden dökse bu nemnäk,
Loly heleň gyzyn şaỳa getirmiş-diỳen bent hem bar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.