araşar – Kerim Gurbannepesow

Jahanlar içinde gördüm bir Jahan,
Gözi-gaşy gabagyna ýaraşar.
Ol Jahança bolup bilmez her Jahan,
Aýdan sözi dodagyna ýaraşar.

Il içinde Jahan, Maral, Jeren kän,
«Men gyz!» diýip,
gomp-gomp edip ýören kän.
Şahyryny görmedik kän, gören kän,
Müňden biri meň şygryma ýaraşar.

Äleme inişi, ýaraýşy gözel,
Ýöreýşi, oturşy, turuşy gözel.
Ýylgyrşy, edebi, gep urşy gözel,
Dymyşy-da dodagyna ýaraşar.

Şahyryny taşlap, gitdi ol uzak.
Üç ýylda görmedim ýekeje gezek.
Megerem, bir ýigit gurandyr duzak.
Iň mert ýigit beýle gyza ýaraşar.

Şonuň gujagynda uklajak gerçek
«Armanym bar!» diýse,
tumşugna berjek.
Ýazdan doly, nurdan doly bu gujak
Goç ýigidiň ýassygyna ýaraşar.

Dodaklary täze süýdüň gaýmagy,
Ýumry göwsi – boz jereniň owlagy.
Göwresine ýaraşyp dur köýnegi,
Göwresi-de köýnegine ýaraşar.

Hudaý iş edinip bir işsiz güni,
Bir bagtlyň bagtyna ýasandyr ony.
Ýykaýsa ol şeýle gyzyň göwnüni,
Adam däl-de, maýmynlyga ýaraşar.

Ekiz taýyň ýaly bar gyza duşup,
Gaňňalyň oýunda bolupdym aşyk.
Eý taňrym, bor eken beýle meňzeşlik!
Bu meňzeşlik ýüregime dalaşar.

Taňrym ony bahar-ýazyň paslynda
Gül suwundan ýasapmyka aslynda?
Bir ys gelýär ak alkymyň astyndan,
Hassa bolsaň müň derdiňe ýaraşar.

Dünýäniň ýüzünde ýene bir ene
Beýle gyzy dogrup bilermi ýene?
Eý, taňrym, sözüme jogap bersene,
Jogap bermek gudratyňa ýaraşar.

Baýdak dek boýuna bolup sadaga,
Her sözlän sözüne bolup sadaga,
Gursagyny mäkäm bassaň gursaga,
Gürsüldisi gursagyňa ýaraşar.

Ýöne arman giç doglupdyr azajyk.
Men ýigitkäm, ol kiçijik çagajyk.
Wah, irräjik doglan bolsa azajyk,
Onuň ömri meň ömrüme ýaraşar.

Zyýany ýok, ýaşa uzak, uzak, uzak!
Maňa diňe seniň saglygyň gerek.
Alnyň açyk bolsun, eý göwher ýürek,
Bu ak patam ak alnyňa ýaraşar.

*Şu goşgynyň başga-da warianty bar – G.D.

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.