And Adam Sowular – Magtymguly Pyragy

And adam sowular
Hezar astana sary.
Pelek bakgal ötürmiş
Bazar astana sary.
Gara ýer agzyn aça,
Gapyldyr adam, geçe,
Bilbiller istär – göçe
Bag-u bostana sary.
Nurata, Baba Dargan,
Degresi derýa, gorgan,
Bardy kary Bakyrgan
Şol Türküstana sary.
Hakdan rahmet sepiler,
Ymaratlar ýapylar,
Gitseň Käbe tapylar
Rumystana sary.
Gündogardan günbatar,
Tersa, jöhit hem tatar,
Şäherler hatar-hatar
Magrybystana sary.
Aşyk aýdar: „Ýa, subhan,
Müşgilim eýle asan.
Şepagat eýle, ýaran,
Şol Dehistana sary!“
Magtymguly tillener,
Gözde ýaşy sillener,
Günde göçdür, ýollanar
Mazarystana sary.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.