Altmyş Ýaşan,ýetmiş Ýylky Sopular, – Magtymguly Pyragy

Altmyş ýaşan,ýetmiş ýylky sopular,
Az galypdyr Aý-Günüňiz batmaga.
Çöl ýerlerde tazy görmän tilkiler
Hyýal eder ýatan şiri atmaga.
Garga aýdar: „Ýokdur men dek şabaza“,
Müň garga ýygylsa, degmez bir baza,
Güne gargyş eden sary kelpeze
Dem çekedir aždarhany ýuwtmaga.
Agsak keýik ýüz torsuga etdirmez,
Şir beçesi togsan tilkä atdyrmaz,
Öli ýylan ýüz kelpezä ýuwtdyrmaz,
Akyl gerek bu işlere etmäge.
Ýetmiş ýaşap, ýat etmezler tobany,
Horrram bileoýnadyrlar gahbany,
Müňkürler jem bolup ýykdy Käbäni,
Ezit gitdi agaçlaryn satmaga.
Bakyň bu eýýamy, görüň gerdişi,
Pakyra zulum etmek boldy berdişi,
Hak ýolunda dogry gezen derwüşi
Goýmadylar öz halyna ýatmaga.
Ýüregim sabyrdan, gitdi karardan,
Ýaman işdir bugz bolmak är-ärden,
Bizara gelip men beýle bdiýardan,
Jur bolup men başym alyp gitmäge.
Magtymguly aýdar, bagtym biweçdir,
Nesibim, takdyrym, ykbalym keçdir,
Niýetim Käbedir, hyýalym haçdyr,
Yhlasym bar haç towabyn etmäge.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.