Altmyş Başly, Ala Garly Daglardan, – Magtymguly Pyragy

Altmyş başly, ala garly daglardan,
Duman göçer, ýagmyr geçer, sil galmaz,
Şeýda bilbil mesgen tutan baglardan,
Hazan urar, ýaprak gaçar, gül galmaz.
Her kim içer ol şerapdan,ol jamdan,
Ýürek joşar, her söz geler zybandan,
Gelen geçer bu ýalançy jahandan,
Hoja, seýit, beg, patyşa, gul galmaz.
Jana degse garrylygyñ zäheri,
Bozuk bolar köñül-göwde şäheri,
Elden gitse ýiditligiñ bahary,
Kuwwat gaçar, dyz egiler, bil galmaz.
Bir namardyñ köp minnetli aşyndan,
El uzatma, oýulawer daşyndan,
İlsiz galan belent daglar başyndan,
Agaç biter, jadde ýiter, ýol galmaz.
Magtymguly, bu jahanda kim bolar,
Ol mekana giden gelmez, gum bolar,
Görer gözüñ, görkli göwräñ gum bolari,
Dahan gider, dendan düşer, til galmaz.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.