Allany Ýat Edip, Haky Gözleseň, – Magtymguly Pyragy

Allany ýat edip, haky gözleseň,
Deňme-deň söwdanyň üssesi bolmaz,
Dawa kenarynda ýalan sözleseň,
Gümansyz ýanar sen, tüssesi bolmaz.
Oky bäş wagtyňy, bolawer müfti
Eger bolajak sen resul ummaty,
Zor bilen iberseň goýna bir iti,
Gurt gelende, goýna yssysy bolmaz.
Bu sözi diýmesem, zybanym gijär,
Öz köňlüm goýmasaň, dost köňli ynjar,
Bagdatda nar bişse, Turşizde injir,
Hyrat dek hiç ýeriň pissesi bolmaz.
Bu sözi diýmeklik bizlere namys,
Bir mugjuzat gördüm, diýdim: “Älhepus!”
Bagdatda gyş bolmaz, Gyrgyzda tomus,
Bulgaryň şähriniň ýassysy bolmaz.
Magtymguly, gel, goý, bu belent ýoly,
Diýseň hem hiç kimse ynanmaz häli,
Alsaň bir sary diş garry aýaly,
Oýnaşaňda, hiç bir yssysy bolmaz.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.