Alla Ýady Bilen Tirk Bolan Dil, – Magtymguly Pyragy

Alla ýady bilen tirk bolan dil,
Göz ýumulmak bilen köňül ýatmaz hiç,
Köňül bostanynda iman täze gül
Bir açylsa durar,solup ýitmez hiç.
Bar nygmatdan ýegdir saglyk mazasy,
Bar gullukdan nikdir hakyň ryzasy,
Eger dogry gelse ajal kazasy,
Müň ýalbarmak bilen köňül güýtmez hiç.
Ýigitler,sözüme bir gulak asyň,
Ýalançydan dostluk tamasyn kesiň,
Kaýsy ýaňa köpdir yşkyň höwesin,
Ýatsaň tursaň hyýalyňdan gitmez hiç.
Adam ogly,dünýä geldiň gitmäge,
Gördir barar ýeriň ýatmaga,
Jäht eder sen çalnyp jahan tutmaga,
Bu işlere,meger,aklyň ýetmez hiç.
Eý,jahan mülkinde gezen serferaz,
Bir bende men,köp sözleýip bilmen,
Az,dünýä bazarynda pelek-humarbaz,
Hiç söý bile ynsan ony utmaz hiç.
Aş,suw bilen gerçe tapar ten maza,
Şirin sözdir jan gulagna geň maza,
Jan öýünden hoş nesihat aňmaza,
Gara daşa degen suw dek ötmez hiç.
Magtymguly,ýigitlik bir ýaz görner,
Jany saga mydam söhbet-saz görner,
Ýagşy günler köp hem bolsa,az görner,
Ýaman günler az hem bolsa ötmez hiç.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.