Akmak Bilen Syrdaş Bolsaň Bir Sagat, – Magtymguly Pyragy

Akmak bilen syrdaş bolsaň bir sagat,
Pynhan syryň sakla bilmez, daş döker;
Dostluk açsaň bir biwepa ýar bilen,
Gaýgy birlen dahanyňdan diş döker.
Bedasyl götermez baş gun mesligi,
Kelpezä ýutdurmaz aždar maslygy,
Bilgil, uzak gitmez aýy dostlugy,
Gahry gelse, depäň üzre daş döker.
Bedewni tanymaz har bakan-beslän,
Jomardy il tanyp, adyly-diwan,
Aty meýdan tanyr, hümmeti myhman,
Jomard ogly supra ýaýyp, aş döker.
Ýigidiň maksady: mahbup, ýarag, at,
İl üstüne namys getir bigaýrat,
Obada jeň tapsa, sansyz bidöwlet,
Mert oglunyň mepesinden muş1 döker.
Magtymguly aýdar, ýigitler başy,
Mejlisde köp bolar anyň syrdaşy,
Jeň wagtynda ýigitleriň başdaşy –
İl üstünde namys bilen baş döker.
*
1 “Muşt” “ýumruk” manyda
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.