Ajaldan Gaçan Adam Hakynda Hekaýat – Jelaleddin Rumy Balhi

AJALDAN GAÇAN ADAM HAKYNDA HEKAÝAT

Bir samsyk bar ýaly bir agyr derdi,
Süleýman patysan gasyna bardy.
Sa diýdi: «Aýdyber islegin näme?»
«Wah, zalym Ezraýyl mündi mekgäme.
Yzymdan galanok nirä ugrasam,
Tapaweri bu ýagdaýa çäre sen».
«Näme etmeli men? Bu niçik gepdir?»
«Sahym, sen seýle bir harasat gopdur.
Meni Hindistana eltip taslasyn.
Ezraýylyn päl-niýeti pasmasyn.»
Süleýman sa onun diýenni etdi,
Harasat samsygy düýrläp äkitdi.
Bir günem ol Ezraýyla satasyp,
Seýle diýdi bolan isden gep açyp:
«Sen – Allan çapary. Bilýärin, zorsun,
Näme, o biçärä gün bermeýärsin?
Senden gorkusyna, öýünden bizar
Bolup, ýat ülkede çekip ýör azar».
Ezraýyl seý diýdi: «Buýruk Hudadan,
Tapmaly men nirde bolsa sol adam.
Bu ýere gelmegi gen ol bendänin,
Hindistanda almalydym on janyn.
Günä baryn etdi undup Hudaýy,
Hut sakar dowzahda taýyn on jaýy.
Azap çekip, onun üstüne gitdim,
Baryp, ýakasyndan ebsitläp tutdum.
Edýän isim agyr bolsa-da herne,
Hudaýyn buýrugyn ýetirdim ýerne».
Bilmegimiz gerek bir zady açyk,
Gitjek ýerimiz ýok ajaldan gaçyp.
Gaçman, mydam ona bolmaly taýyn,
Nirä sypjak nazaryndan Hudaýyn?!

Terjime eden we çapa taêêarlan: Kakabaê Gurbanmyradow

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.