Ahyrky Netijäni Önünden Anan Zergärin Çekim Dasyny Sorap Gelen Gonsusyna Beren Jogaby Hakynda Hekaýat – Jelaleddin Rumy Balhi

AHYRKY NETIJÄNI ÖNÜNDEN ANAN ZERGÄRIN ÇEKIM DASYNY SORAP GELEN GONSUSYNA BEREN JOGABY HAKYNDA HEKAÝAT

Günlerin birinde ýöräp çalaja,
Zergärin ýanyna gelip bir goja,
Diýdi: «Gonsy, kyn görmesen eger sen,
Birki günlik çekim daslarny ber sen.
Öýümde bar menin az-owlak tyllam,
Kösenýärin olan agramny bilmän.
Sony anyklaýsam, bolmazdy zyýan,
Son üçinem, çekip görmek isleýän.»
Zergär seýle diýen: «Gadyrdan gonsy,
Senin pälin düzüw, niýetin ýagsy.
Ony bermek kyn däl. Ýöne sonundan
Boljak isi bilip durun önünden.
Sana berer ýaly (seýle ýagdaýym),
Sübsän, hasan ýokdugny aýdaýyn.
Goja bu sözlere birhili boldy,
Gürlände, önküden sesi gataldy:
«Ýokusyrak gördüm gepini men-ä, S
enden sübse, hasa soran barmy nä?»
«Biler bolsan, gonsy, köne sergär men,
Käbir boljak isi önden görýän men.
Sen bir goja kisi, bilin bükülen,
Ah-wahyn, hyk-çokun öýi sen kilen.
Düýbünden ýat sana menin hünärim,
Öýünde ýygsyran gyzylyn baryn.
Ellerini sannyldadyp çekersin,
Ownuk-usaklarny ýere dökersin.
Süpürip alaýyn-diýip-dessine,
Enersin ýene-de menin üstüme.
Sol külke gyzylny elemek üçin
Gersin ýene hasa dilemek üçin.
Sol sorajak zatlan welin mende ýok,
Sonun görmän, bir is etmek bolanok.»

Terjime eden we çapa taêêarlan: Kakabaê Gurbanmyradow

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.