Ahmet Patyşadan Habar Almaga, – Magtymguly Pyragy

Ahmet patyşadan habar almaga,
Umyt etdi iller Çowdur han üçin.
Sag-salamat baryp, gaýdyp gelmäge,
Oňmady ykballar Çowdur han üçin.
Baglar doňup galdy ýagyşlar görmän,
Bulut bewl saldy, bu derde arman,
Zemin zaýa boldy, pelekler perman,
Jennet boldy çöller Çowdur han üçin.
Kaza gahra mündi – pirin syndyrsa,
Pelek hyýal etdi – mährin inderse,
Derýa joöa geldi – suwdan gandyrsa,
Muştak boldy köller Çowdur han üçin.
Yzyňda boldular il intizaryň,
Umyt bilen gezdi Annahal ýaryň,
Atanazar boldy çekerge zaryň,
Gözleý-gözleý ýollar Çowdur han üçin.
Barsa, paýy belli soltanda, handa,
Ili bilmeý galdy armany janda,
Kazadyr, kysmatdyr Ýezdde, Kermanda,
Meger tartdy ganlar Çowdur han üçin.
Gurralar güň boldy, pallar şum boldy,
Baranlar bent boldy, ýollar bim boldy,
Çeşmeler höşk boldy, daşlar mum boldy,
Guýa boldy tiller Çowdur han üçin.
Söýle, Magtymguly, älem bilsinler,
Jaýy jennetdedir, güwä bolsunlar,
„Hak rahmet etsin!“ diýp, doga kylsynlar,
Tamam ulus iller Çowdur han üçin.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.