Agyz Açdym, Göz Ýumdum, – Magtymguly Pyragy

Agyz açdym, göz ýumdum,
Gol sundum tasa garşy,
Tas üstünde ýatypdyr,
Galandar ýasa garşy.
Saky turdy, ses etdi,
Kim giç galdy, kim etdi,
Galandar tasyn tutdy,
Düşdüm höwese garşy.
Men bikemal ol ýerde,
Yşk içre düşdüm derde,
Gul ýüzde gülgün perde,
Tutdy palasa garşy.
Habar tutan jahandan,
Aýrylar hanymandan,
Aşykdyr geçer jandan,
Tutulsa käse garşy.
Bu dünýä bir saraýdyr,
Gelen geçip baraýdyr,
Magtymguly haraý diýr,
Hyzyr, Ylýasa garşy.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.