agyş Ýagdy, Biz Gizlendik Berdinazar Hudaynazarow

Ýagyş ýagdy, bizde gizlendik ýagyşdan,
Buýra saçly arçalaryň astynda.
Aýagymy basyp diýdiň: bagyşla.
Buýra saçly arçalaryň arasynda.

Gapdalda gaýalar gaşyn çytýardy,
Ýelkenler deňizde hallan atýardy.
Meniň, nämüçindir, gülkim tutýardy,
Buýra saçly arçalaryň arasynda.

Ýüzüme garadyň gülkimi geňläp…
Kän durduk damjalaň sesini diňläp.
Bizar etdi meni gulagym şaňlap.
Buýra saçly arçalaryň arasynda.

Kimkä gaýta-gaýta adym agzaýan?
Sag gulak şaňlasa bolarmyş zyýan…
Durmalymy, ýokmy, indiden buýan.
Buýra saçly arçalaryň astynda?

Ýeseriň köp ýerde nogsany deger,
Yrym! Şol ýeserim özüňsiň, meger.
Şaňla gulak — saňa kim gulak goýar,
Buýra saçly arçalaryň astynda…

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.