Agalar, Dünýäniň Paýany Bolmaz, – Magtymguly Pyragy

Agalar, dünýäniň paýany bolmaz,
Iş başa düşende, dogany gelmez,
Märekede oýnap, hiç göwni galmaz,
Arman bilen geçer saly ýekäniň.
Bir ýeke ýigidiň bilinmez işi,
Elinde mal bolmaz, göwnünde hoşy,
Ýassyk çekip ýatsa – agyrsa başy,
Gözünde ganly ýaş doly ýekäniň.
Ýeke-ýetim gaýgy-gamdan gutulmaz,
Meýlisler gyrylsa, ady tutylmaz,
Anyň üçin hiç alada edilmez,
Gaýgydyr-külpetdir haly ýekäniň.
Barly ölse, uly ile ýaýrandyr,
Garyp ölse, anyň yzy weýrandyr,
Bu işlere akyl-huşuň haýrandyr,
Gömülipdir şeýle ýoly ýekäniň.
Magtymguly, ýalan-ýaşryk sözleme,
Nogsanyň içinde haýyr gözleme,
Egisgin derdini diýgin, gizleme
Il-usuldyr dosty-ýary ekeniň.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.