Aga-Begler, Älem Üzre Mogrebat, – Magtymguly Pyragy

Aga-begler, älem üzre mogrebat,
Gerek synasynda zaleti ýigidiň,
Ruzygäri bolsa-döwleti zyýat,
Şol gün ýakyn bolar ýady ýigidiň.
Goç ýigit ugrasa genji-nahana,
Bir zynat ýaraşmaz nahar mekana,
Maly siýab bolsa, akyly dana,
Tartylar asmana bady ýigidiň.
Ýigit (bolan) rastguý gerek, düz gerek,
Kemally perzende, biliň, göz gerek,
Bikemaldan elli gerek, ýüz gerek,
Näkes bolsa, ýiter ady ýigidiň.
Goç ýigide medet berse perişde,
Çahar tarapyndan bolar serişde,
Abyraýda çemi gelse, her işde
Gerek synasynda ödi ýigidiň.
Gül degresi neçün bolmasyn harsyz,
Ýigit bolan ýigit bolmasyn arsyz,
Ilsiz, garyndaşsyz, galsa gamhorsyz,
Eşdilmez hiç ýerde dady ýigidiň.
Delalaty köpdür, getirmez dile,
Arap at, asur jyda, almaz tyg bile,
Ogşan jennet içre gyrmyzy güle,
Gerek hoşroý perizady ýigidiň.
Magtymguly, bolsa ýigit hyrujy,
Adalaty bile diwan soryjy,
Her ýerde gerekdir, bowul beriji,
Görellesi – hup ustady ýigidiň.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.