adygärlik Surat – Kerim Gurbannepesow

Ýene-de Gün dogdy. Paýlandy poçta.
Gyzdan hat gelipdir… kyrk sekiz ýaşda.

Ýazmak gadagan däl. Gelibersin hat.
(Başga näm işiň bar,
Jogap ber-de ýat…)

Pylanowa Jemal… yzynda bukjaň.
Guwandym, synladym agzyny açman.

Adresi nagyşly, gyrasy – jähek.
Megerem, ýazan gyz mähekdir mähek.

Bukjaň arkasynda owadan setir:
«Poçta, hatym äkit, jogabyn getir!»

Çaýyldy ýüzüme harplaryň näzi.
Meger, harplardanam näzlidir özi.

…Bir gezek çekemde söküldi ýelim.
Gaçdy ak bukjadan ak ýüzli gelin.

Suratyň astynda owadan setir:
«Poçta, suratym elt, suratyn getir!»

Aşaky dodagyn gizläp dur ýaşmak.
Şony hem syraýsaň –
Bal süýnüp gaçjak.

…Bukjanyň içinde bir bölejik hat.
«Menden sowgat bolsun şujagaz surat.

Iberip bilseňiz ýadygär kitap,
Heziller ederdim okap, okap, okap…

Içine salsaňyz ýadygär surat,
Onda-ha has beter açardym ganat.

Size-de, goşga-da aşyk men, aşyk.
Ýone, wah, armanly geçdi-dä ýaşlyk.

Kyrk ýyl çekip gezdim aşyklyk derdin…
Indem… altmyş…»

…Gelin,
Işim-ä gördüň!…

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.